Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GÖZÜŇ UZAKDAN GÖRMEZLIGI HOWPLUMYKA?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (3 Ses)

Hormatly okyjy!

Siziň bellän alamatlaryňyza esaslansaň, gözüň dürli aralyklara uýgunlaşma häsiýetiniň bozulyp, miopiýanyň (gözüň daş aralyklara görüjiliginiň peselmegi) döränliginden çen tutsaň bolýar. Wagtynda bejergi (gözi iýmitlendiriji serişdeleri ulanmak, göz myşsalaryny berkidýän maşklary, äýnegiň, linzanyň görnüşlerini bellemek) geçirilmedik ýagdaýynda gözüň torly gatlagynyň zeperlenmeleriniň, çaşylygyň ýüze çykmagy mümkindir.

Şonuň ýaly-da, Siziň gözüňiziň içki basyşyny hem barlap görmelidir. Gözüň görüş ukybyny, göz düýbüniň ýagdaýyny kesgitläp, degerli bejergini almak üçin, haýal etmän göz lukmanyna ýüz tutsaňyz dogry bolardy.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 3250 gezek okalan