Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GÖZ ÇAŞARMAGYNYŇ SEBÄBI NÄMEKA?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 2.50 (4 Ses)

Hormatly okyjy!

Siz ogluňyzyň gözüniň çaşarmagyna näçe wagt syn edýärsiňiz? Çagalarda daşdan ýa-da ýakyndan görme ukybynyň orta we ýokary derejeli bozulmalary, merkezi nerw ulgamyň keselleri we şikeslenmeleri, gözi hereketlendiriji myşsalaryň ösmeginiň bozulmagy ýa-da olaryň ysmazlygy, bir gözüň görşüniň birden peselmegi, geçirilen ýokanç keselleri we nerw dartgynlylyk ýagdaýlary çaşy gözlülige getirip biler.

Doly barlagdan geçirip we gözüň çaşarmagynyň sebäbini, görnüşini anyklamak üçin çaga oftalmolog lukmanyna ýüz tutuň. Çaşy gözlülikde degişli göz maşklaryny etme, äýnek saýlama, görkezme bolanda hirurgiki bejeriş usullary ulanylyp bilner.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 2833 gezek okalan