Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
GÖZÜME NÄHILI BEJERGI ALMALY?
Hormatly okyjy!
Siz öň oftalmolog lukmanynyň maslahatyny aldyňyzmy? Siz äýnek ýa-da linza ulanýarsyňyzmy? Sizde miopiýa hem-de gipermetropiýa pes derejede ýüze çykan bolsa-da, görüşiň bozulmasynyň bu iki görnüşi utgaşanda görüşi ýokarlandyrmak üçin äýnek ýa-da linza saýlap almak kyn bolýar. Şeýle ýagdaý ýüze çykanda ýygnaýjy (linzanyň aşaky bölegi okamak üçin) hem-de dargadyjy (ýokarsy – daşdaky zatlary görmek üçin) linzalardan ybarat bifokal linzalary ulanmak peýdaly bolar. Okamak hem-de daşdan görmek üçin degişli äýnegi ýa-da linzany saýlamak üçin oftalmolog lukmanyna ýüz tutma netijeli bolar.
Hormat bilen, saýtyň lukmany.
- 3979 gezek okalan