Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GÖZÜMIŇ GÖRŞI PESELÝÄR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.13 (15 Ses)

Hormatly okyjy!

Sizde anyklanylan miopiýa- ýakyndan gowy görüp, daşky şekilleri gowy görüp bilmezlik kynçylygy lukman tarapyndan uzakmöhletleýin gözegçiligi we dürli ugurly bejergini talap edýändir. Göz dokumalarynyň alyş-çalyş ýagdaýlaryny kadalaşdyrmak üçin ýörite damjalary ulanmak zerur bolsa-da, görüşi gowulandyrmak üçin ýörite saýlanan äýnekleri ýa-da linzalary ulanmak zerurlygy ýüze çykýandyr. Ondan başga-da, bu maksat üçin infrasesi ulanma arkaly owkalama geçirme, pes güýçli lazer bilen bejergi, magnit tolkunlary bilen tijendirme ýaly bejergi çäreleri hem ulanylýandyr.

Miopiýanyň ýaýbaňlanan (bir ýylda 1dioptriý ösme) ýa-da gaýraüzülmeleriň dörän halatlarynda göz perdeleriniň plastikasy, gözüň torly gatlagyny lazer bilen berkitmek ýaly operasiýalary ulanylýar.

Sizde dörän ýeňil derejeli miopiýanyň bejergisi üçin operatiw bejergini ulanmagyň geregi ýokdur. Ýöne bellenen möhletde, utanjaňlygy aradan aýryp, dine okanyňyzda ýa-da telewizor, kompýuter bilen işläniňizde äýnek dakynmak, göz myşsalaryny berkitmek üçin ýörite maşklary ýerine ýetirme zerurdyr. Bu babatda hemişe göz lukmanyňyzyň maslahatyny almak gerekdir.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 4708 gezek okalan