Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

BURNUŇ IÇINDE ÖSEN ET

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.29 (7 Ses)

Hormatly okyjy!

Siziň keseliňiz "polipozly rinosinusit" diýlip atlandyrylýar. Burnuňdaky ete hem lukmançylykda "polip" diýlip, ol howply däl çilere degişlidir. Bu keselde burun boşlugynda polip emele gelip dem almany kynlaşdyrýar. Şonuň esasynda hem demgysmanyň döremegi, gepleýşiň üýtgemegi, ýadawlylyk, kellagyry ýaly alamatlaryň döremegi mümkindir. Bu ýagdaýda burnuň dykylmasyny hiç hili derman serişdeler, burnuň içine sepilýän spreýlar hem aýryp bilmeýär.

Poliplary görüp anyklamak üçin Size gulak-burun-bokurdak (otorinolaringolog) lukmanyna ýüz tutma netijeli bolar. Burun boşlugyna ýönekeý usul bilen seredilenden poliplary görüp bolýar. Ýöne lukman Size kompýuter tomografiýasyny geçmegi hem maslahat berip biler. Tomografiýa poliplaryň sanyny, ösüp gelýän ýerlerini we başga-da göze görünmeýän poliplary anyklamaga mümkinçilik berýär.

Polip anyklanandan soň lukman Size bejergi usulyny jikme-jik düşündirer. Köplenç bu ýagdaýlarda operatiw bejergi ulanylýar. Polipi aýyrmak üçin burny kesmegiň zerurlygynyň ýokdugyny belläp, Sizi köşeşdiresim gelýär.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 2978 gezek okalan