Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

BOKURDAK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 2.40 (5 Ses)

Hormatly okyjy!

Bokurdakdaky agyrylar onuň wirus we streptokokk ýokançlyklary bilen zeperlenmegi, allergiki täsirliligiň ýüze çykmagy, dürli buglar bilen gyjyndyrylmagy (meselem, çilim tüsse), damagyň girelgesinde ýerleşýän badam şekilli mäzleriň sowuklamagy (tonzillit) sebäpli ýüze çykyp biler.

Sizi agyrydan başga beden gyzgynynyň galmagy, üsgülewük ýaly alamatlar biynjalyk edýärmi?

Şu alamatlaryň döremegi lukmanyň barlagyny we maslahatyny talap edip biler. Çünki wagtynda bejerilmedik bokurdak zeperlenmeleri badam şekilli mäziň iriňlemelerine, guragyra we onuň ýürege we böwrege ýaramaz täsir etmelerine getirip biler. Bokurdakdaky agyrylary aýyrmak üçin Siz aşakdaky çäreleri geçirip bilersiňiz:

1. Mümkin boldugyndan az gepläň;

2. Çilim çekýän bolsaňyz, bu endigiňizi taşlaň;

3. Gyzgyn suwuklygy (suw, çaý, şireleri) mümkin boldugyça köp, 8 stakandan 10 stakana çenli kabul ediň;

4. Bokurdagyňyzy ýörite erginler ýa-da mylaýym duzly suw bilen çaýkaň;

5. Düzüminde ýokançlyklara garşy serişdeleri saklaýan sorulýan gerdejikleri we pastilkalary (Doktor Mom, grammidin, strepsils, septolete, falimint, fitantis we başgalar) soruň;

6. Beden gyzgynyňyzyň peselmän, bokurdagyňyzdaky agyrylaryň güýjän halatlary, ýuwdunmak ýa-da agzyňyzy açmak kyn bolsa, haýal etmän lukmana ýüz tutuň.

Lukman degişli barlaglardan soň antibiotik serişdeleri bellär we gaýraüzülmeleriň öňüni almak üçin bejergini kesgitlär.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 2080 gezek okalan

Teswirler (0)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location