Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

IRIŇIŇ BEJERGISI!

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Hormatly okyjy!

Häzirki wagtda gaýmorit keseliniň bejergisi derman serişdelerini (degişli antibakterial dermanlar, ýerli çişginliligi hem-de burnuň nemli gatlagyny guramakdan saklaýan serişdeler, gaýmorow boşlugynyň nemli örtügini dikeldýän serişdeler, burny ýuwmaga niýetlenen erginler), boşlukdaky sowuklama hadysasyny aýyrmaga ýardam berýän fizioemleri hem-de hirurgiki usullar (boşlugy punktirleme-deşme) ulanylýar. Siz antibakterial serişdeleri näçe wagt we haýsy mukdarda ulandyňyz?  Keseli dörediji ýokançlyga garşy serişdäni saýlamak üçin, punktirleme netijesinde alnan iriňiň bakteriologiki barlagy hem-de antibiotiklere  duýgurlylygy barlanylmadymy? Bedeniň kesellere durnuklylyk güýjüni ýokarlandyrmak üçin immun ulgamy tijendiriji serişdeleri hem kabul etmek peýdaly bolar.

Häzirki wagtda gaýmorow boşlugyna derman serişdeleri göýberip bejermek üçin täze ballon sinusoplastika usuly hem ulanylýar. Bu usul burna salnan ýörite abzalyň suwuklyk bilen giňeldilmegi netijesinde, boşlugyň çişgin diwarlaryna derman serişdesi bilen täsir etmäge mümkinçilik berýär.

Sizde bar bolan dowamly gaýmorit keseliniň beterleşmeginiň öňüni almak hem-de peýdaly  bejeriş çärelerini saýlap almak üçin "Kelle we beýni" merkeziniň otolaringologiýa bölümine ýüz  tutmagyňyzy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 3199 gezek okalan