Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

BURUN GANAMA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.60 (5 Ses)

Hormatly okyjy!

Adamyny görüp, degişli barlaglary geçirmezden zeperlenmäniň sebäbini kesgitlemek kynçylyk döredip biler. Burundan ganyň gelmegi  ýokary gan basyşynda, bowrek kesellerinde, gan damarlarynyň üýtgemelerinde (meselem, olaryň giňelmegi, gyzamyk, hörezek ýokanç kesellerinden soň), gan kesellerinde (meselem, gemofiliýa-gany lagtalandyryş faktorynyň doga bolmazlygy ýa-da ýetmezçiligi), ýerli ýüze çykýan sebäplerden bolsa, burun germewinde ýerleşýän damar sepleşmeleriň ýüzleý ýerleşmegi, howply bolmadyk täze döremeler (polip), C witaminiň ýetmezçiligi ýaly sebäpleriň täsir etmegi netijesinde ýüze çykyp bilýändir. Çaganyň burny gananda ony köşeşdirip, oturdyp, kellesini öňe egmegiň (gan bokurdaga gitmez ýaly) wajyplygyny ýatladasymyz gelýär. Lukmana ýetilýänçä, burna 3%-li wodorodyň öteturşusynyň ergini, naftizin, galazolin siňdirilen pamyk dykysyny salma, burnuň daşky deşiklerini  burun germewine gysyp saklama peýdaly netijeleri berip biler. Burun ganamalaryň sebäplerini anyklamak üçin jigiňize otorinolaringolog, görkezme bilen gematolog lukmanynyň maslahatyny alma ýerlikli bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 4796 gezek okalan