BURUN

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (2 Ses)

Hormatly okyjy!

Siziň beýan edýän alamatlaryňyza görä, burundan köp mukdarda suwly görnüşdäki bölünip çykmalar dowamly rinit keseliniň ýüze çykmasy bolup biler. Rinit- burnuň nemli örtüginiň alawlama ýagdaýy bolup, onuň dowamly görnüşiniň  döremegine  gaýtalanyp durýan ýiti rinit, ýüzüň süňk boşluklarynyň alawlama ýagdaýy, dürli gyjyndyryjylar sebäp bolup bilerler. Bu ýagdaýyň ýüze çykmagyny näme bilen baglanyşdyrýaňyz? Bu alamat burnuň dykylmagy bilen utgaşýarmy?  Burnuň dykylmalarynda damarlary daraldyjy damjalary (naftizin, galazolin)   ulanylandan soň, burnuň ýeňil dem almagy dowamly rinit hadysasynyň barlygyndan habar berýär.

Burundan köp mukdardaky bölünip çykmalar allergiki (wazomotor) rinit keselinde hem syn edilýändir. Bu keselde sowuk howa, tozan, kosmetiki serişdeler,  öý haýwanlarynyň tüýi we başga ençeme faktorlar burnuň nemli örtügine gyjyndyryjy täsirini ýetirip, ýerli allergiki täsirliligiň ýüze çykmagyna sebäp bolup biler. Allergiki täsirlilige garşy ulanylýan serişdeleri (suprastin, klaritin, dimedrol), kalsiý saklaýan serişdeleri ulanma, burnuň aşaky ýelkenlerine gidrokortizonyň serişdelerini sanjym görnüşde etme, ultrasesiň, sowuk howa akymynyň, toguň  täsirini ulanma ýaly usullar rinitiň bu görnüşi üçin peýdaly bolup bilýändir.

Sizde ýüze çykan alamatyň sebäbini anyklap, degişli bejergini almak üçin otolaringolog lukmanyna ýüz tutmak zerurdyr.

Hromat bilen, saýtyň lukmany.

  • 1870 gezek okalan

Teswirler (0)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location