ANGINA BILEN BAGLY KYNÇYLYKLAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Hormatly Suraý!

Soragyňyzyň beýanyndan çen tutsaň, Siziň dowamly tonzillitden (badam şekilli mäziň dowamly sowuklamasyndan) ejir çekýändigiňizi çak etmek bolýar. Dowamly tonzillit gaýta-gaýtadan beterläp dursa, ýüregi, böwrekleri, hereketleniş, degna ulgamlaryny zeperlendirip, howply, bejermesi kyn gaýraüzülmelere getirip biler.

Dowamly tonzillit keselinde, badam şekilli mäziň öz işini ýerine ýetirişi iki görnüşde ýüze çykyp biler. Onuň öz işini ýerine ýetirýän (kompensirlenen görnüşi) we öz işini ýerine ýetirmeýän (dekompensirlenen görnüşi) görnüşlerini tapawutlandyrýarlar. Ony lukman kesgitleýär.

Dowamly tonzillit keseli bilen Siz gulak-burun-bokurdak(otorinolaringolog) lukmanyň gözegçiligine alnyp, (anginanyň beterleşmegine garaşman) keseliň beterleşmezliginiň öňüni alyş bejergisini kabul etmek bilen, ýokarda görkezilen bedeniň agzalarynyň işleýşini anyklaýan barlaglardan geçip, olaryň kadaly işleýşini gazanmaly. Bejergini, barlaglaryň görnüşine, ýagdaýyňyza görä, lukman kesgitleýär. Bejergi ýerli täsir etme, ýagny mäzi her hili derman serişdeleri bilen ýuwma, fizioemleri, bedeni umumy berkidiji, bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyryjy serişdeleri ulanmak, gerek bolsa tapgyrlaýyn bisillin dermany bilen bejergini geçirme usullary öz içine alýar. Siz çydamlylyk bilen, ýylda iki gezek, ýagny ýazyna hem-de güýzüne bejergi almaly. Siziň bir gezek alan bejergiňiziň peýdasy degmeýär. Şu aýdylan çäreler keseliň kompensirlenen görnüşinde geçirilýär. Yzygiderli, birnäçe ýylyň dowamynda alnan bejergi gowy netijeleri hem berýär, wagtyň geçmegi bilen näsagyň ýagdaýy gowlanyp, operasiýa edilmäge görkezme bolmaýar, wagtyň geçmegi bilen näsag gözegçilikden hem çykarylýar.

Size operasiýa etdirmeli diýilen bolsa, mäziň öz fiziologiki işini ýerine ýetirmeýändigini, Siziň "kiçijik iriňli haltajyk" göterip, bedeniň agzalaryna zeper ýetirip ýörendigiňizi çak etmek bolýar.

Size ýokarda görkezilen ýagdaýlary anyklap, bejergi babatda belli bir netijä gelmek üçin gulak-burun-bokurdak lukmanyna ýüz tutmagy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 2474 gezek okalan

Teswirler (3)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. Merdan

Salam doktor.meniň bokurdagymdan şol gakylyklar gelip meni binjalyk edýär.munuň dermany nämekä?

 
  1. kerim

salam dogtar meninem anginam calt cykyar muna name etmeli

 
  1. begmyrat

Salam dogtar angina mende has chalt chaltdan gelip ugrady onat boldum diyemde yene shol halat dowam etyar.Bedeni ushudip gyzgyny galdyryp,ka halatlarda bash aylama yurek bulamada bolyar.Sachymy yeke yeke uten yaly halatlar we arkamda inne bilen...

Salam dogtar angina mende has chalt chaltdan gelip ugrady onat boldum diyemde yene shol halat dowam etyar.Bedeni ushudip gyzgyny galdyryp,ka halatlarda bash aylama yurek bulamada bolyar.Sachymy yeke yeke uten yaly halatlar we arkamda inne bilen zunjulen yaly bolyar.Muny dogtarlara gorkezzem akol etmeli diyyar men bolsa yashlygymdan bari akol alsam esdimden gityan bashga gornushlerde bejergi yokmyka<br /><br />Saytyn okayjysy:Begmyrat

Dowamy
 

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location