Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

BURUN DYKYLMASYNYŇ BEJERGISI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.31 (13 Ses)

Hormatly Amannazar!

Siziň beýan edýän alamatlaryňyz, sizde dowamly gipertrofiki riniti, ýagny burnuň nemli örtüginiň aşa ösmegi netijesinde döreýän riniti güman etmäge esas döredýär. Ýönekeý rinitiň dowamly gaýtalamalary rinitiň bu görnüşiniň döremegine getirip bilýändir. Görkezmelere görä aşaky burun ýelkenleriniň öňki bölümine gidrokortizon, splenin serişdelerini göýberme, burnuň nemli örtügine kollargolyň ýa-da protargolyň 3-5%-li erginleri bilen owkalama geçirme, doly barlagdan söň, gulak-burun-bokurdak lukmany tarapyndan bellenilip we ýerine ýetirilip bilner. Derman bejergisi kömek etmedik ýagdaýynda, himiki serişdeleri (trihloruksus turşylygy, 20%-li kümüşiň nitraty), sowuk howa akymy, ultrases tolkunlary bilen aşa ösen burnuň nemli örtügi işlenilip, onuň guradylyp aýrylmagyna ýardam berip bilýändir. Burun dykylmalaryň başga sebäplerini (polip, burun germewiniň gyşarmagy we baş.) aradan aýryp, Size degişli bejergini kesgitlemek üçin lukmana ýüz tutmaklygy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 6215 gezek okalan