Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GULAKDAKY AGYRYLAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.14 (14 Ses)

Hormatly okyjy!

Mezotimpanit – gulagyň ortaky bölüminiň, bir aýyň dowamynda bejermesi kynçylykly bolan ýiti iriňli alawlama keseli bolup, ol keseliň ýiti ýagdaýdan dowamly ýagdaýa geçmegini aňladýar. Bu kesel, ortaky gulagyň hemme dowamly geçýän keselleriniň içinde hemme duş gelýän ýagdaýlaryň 55%-ni tutýandyr.

Keseliň kliniki alamatlary ol diýen aýdyň ýüze çykman, beterleme döwründe gulakdaky agyry, kelläniň şol tarapda agralyp agyrmagy näsaglary biynjalyk edip biler. Esasy alamatlar-gulakdan iriňli bölünip çykmalaryň gelmegi we wagtyň geçmegi bilen eşitme ukybynyň peselmegidir. Mezotimpanitde deprek görnüşli perde orta böleginden deşilip, onuň gyralary galyňlaşýar hem-de gyzarýar we käwagtlar polipli ösüntgileri saklaýar. Deprekli boşlugyň gowy geçirijiligi keseliň ýiti beterleşmeginiň öňüni alýar. Kesel beterleşen halatynda hem, gulagyň gapylmagy we agyrmagy, bölünip çykmalaryň köpelmegi, gulakda sesleriň peýda bolmagy ýaly alamatlar döräp biler. Mezotimpanitiň beterleşmegine gulaga suwuň düşmegi, ýokarky dem alyş ýollaryň sowuklama keselleri, üşemek ýaly faktorlar sebäp bolup bilerler.

Keseliň bejergisi gulagy antibiotikleriň ergini (ýokançlyklaryň duýujylygyna geçirilen barlagdan soň) we furasiliniň, 3%-li boruň turşulygy, 3%-li wodorodyň öteturşulygy ýaly erginler bilen ýuwma, ýörite tozga görnüşli dermanlary sepiji abzal bilen antibakterial serişdeleriň tozga görnüşini sepme ýaly çäreleri öz içine alýandyr. Bejergide ultramelewşe şöhleleriň, gysga elektromagnit tolkunlaryň, lazeriň täsiri ýaly fizioemleri ulanylýar.

Keseliň ýygy we gaýraüzülmeli beterleşmelerinde hirurgiki bejergi usullary ulanylýar.

Lukmanyň kadaly gözegçiliginde bolup, bejergi çäreleri bilen birlikde bedende dowamly ýokançlykly ojaklary bejerme, burundan erkin dem almany ýola goýma keseliň beterleşmeleriniň öňüni alyp sagalma getirip biler.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 6243 gezek okalan