Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
BURNUM NÄME ÜÇIN GANAÝAR?
Hormatly Kerwen!
Burnuň ganamagyna gan basyşyň ýokarlanmagy, burnuň we burnuň ýanyndaky boşluklaryň alawlama hadysalary, ganyň lagtalanmagyny peseldýän gan ulgamynyň keselleri, burnuň şikeslenmegi, burnuň içinde döreýän täze döremeler (meselem, polipler), günüň aşagynda uzak gezmeler sebäp bolup biler. Burun ganamalaryň sebäbini anyklap, degişli bejergini geçirmek üçin maşgala lukmanynyň we gulak-burun-bokurdak lukmanynyň maslahatyny almak Siziň üçin peýdaly bolardy.
Hormat bilen, saýtyň lukmany.
- 4839 gezek okalan