Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

DODAGY NÄDIP BEJERMELI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.00 (2 Ses)

Hormatly okyjy!

Siziň dodagyňyzyň gurap soýulmagy we ýarylmagy, onuň nemli bardasynda sowuklama ýagdaýynyň ýüze çykanlygyndan habar berýär. Bu ýagdaý dürli ýokançlyklaryň, kömelejikleriň, sowuk howanyň, gün şöhleleriniň uzaga çeken täsiriniň netijesinde döräp biler. Şeýle hem, endokrin ulgamyň näsazlyklary, käbir dermanlara döreýän allergiki täsirlilik, bedende "B" witamin toparynyň ýetmezçiligi bu alamatlaryň sebäbi bolup bilýändir.

Dodagyň zeperlenmeleriniň öňüni almak üçin aşakdaky çäreleri maslahat berip bileris:

  • Dermanhanadan Teýmurowyň pastasy, Iruksel, Lewomekol, D-Pantenol ýa-da tetrasiklin melhemleriniň birini alyp dodagyňyza çalyň;
  • Her gün birnäçe gezek dodaklara A we E witaminleriň ýagly erginini, wazelini, ördek ýagyny, çaý agajyndan alnan ýagy, zeýtun, (oblepiha) ýagyny çalmak peýdaly netijeleri berip biler;
  • Her gün zeperlenen dodaklara çopantelpegiň, kyrkbognuň, çereda we kalendulanyň suw erginlerinden ýapgy ýapyň;
  • "B" toparyň witaminlerini kabul ediň.

Dodaklaryň zeperlenmesi uzaga çekip biler. Zeperlenmäniň sebäbini anyklamak üçin lukmana ýüz tutma ýerlikli bolar.

Horamat bilen, Lukman.

  • 1882 gezek okalan
Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location