Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

DIŞ ETINIŇ ÇIŞMEGI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.27 (11 Ses)

Hormatly Nazar!

Diş etiniň sowuklama ýagdaýyny lukmançylykda "gingiwit" diýip atlandyrýarlar. Bu kesel ýokançlyklaryň täsiri, dişlerde iýmitlenmeden soň döreýän ýumşak örtük, diş daşjagazlaryň täsiri, çilimkeşlik, himiki erginleriň gyjyndyrmasy netijesinde döräp biler. Diş etiniň çişginliligi, gyzarmagy, ganjarmagy, agyzda döreýän ys bilen häsiýetlendirilýän agyz boşlugynyň bu keseli, dişi gurşap alýan dokumalaryň sowuklama (parodontit) ýagdaýyny hem döredip bilýändir.

Gingiwitiň bejergi çäreleri  diş etini gyjyndyrýan sebäpleri aradan aýyrmaga, diş daşlaryny aýyrmak, triklozan saklaýan diş pastasyny ulanmak, "Listerin", setil-ridin hlorid, domifen bromid, hrorgeksidin, ambaron saklaýan agyz çaýkamak üçin niýetlenen serişdeleri, 3%-li wodorodyň öteturşusyny, nahar sodasyny agzy çaýkamak üçin ulanmak, ýokançlyklara garşy melhemleri (meselem, metrogil-denta melhemi we ş. m. ) diş etine çalmak, dürli täsirli ösümlik otlar bilen (meselem, "Lesnoý balzam" otlar ýygyndysy) bejergini, witamin serişdeleri (ylaýtada C witamini) ulanmagy öz içine  alýandyr. Öz wagtynda diş lukmany tarapyndan sebäpleri anyklanylyp bejergi geçirilen halatynda,  diş etiniň keseli gaýraüzülmeleri  döretmezden geçip gidip bilýändir.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 3314 gezek okalan
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

es salam mana kyn gormeseniz dish ugurdan kitap bar bolsa ugradyp bilseniz ugradayyn

Rejepgeldi
Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location