Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

DIŞ

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.75 (8 Ses)

Hormatly Bossan!

Dişleri örtýän gaty dokumalaryň çüýräp dargamagy kariýes keseliniň alamatydyr. Diş syrçasynyň  üstünde, iýmit galyndylaryndan  emele gelýän  örtükde toplanýan Streptokokk mutans ýokançlygy  keseli döretmekde esasy orny eýeleýändir. Ýokanşlygyň işjeňligi diş syrçasynyň organiki esasyny zeperlendirip, onda minerallaryň saklanyp galmagyna bökdençlik döredýändir. Netije-de, wagtyň geçmegi bilen kariozly köwek emele gelip, zeperlendiriş derejesine baglylykda  üstleý, orta çuňlukda we çuň ýerleşýän ýüze çykyş tapgyrlaryny tapawutlandyrýarlar. Kariozly köwege sowuk, turşy, süýji iýmit galyndylarynyň düşmegi netijesinde diş agyrylarynyň döremegi, keseliň esasy alamaty bolup durýandyr. Kariýesiň bejergisi agyrsyzlandyrmadan soň zeperlenen süňk dokumasyny aýyrmakdan, emele gelen boşlugy plomba bilen doldurmakdan, minerallaşdyrma derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen  natriý ftoridiniň 1%-li erginini elektroforez usuly arkaly göýberme ýa-da çalma, kalsiý, fosfor minerallaryny, A, C, D witaminlerini  kabul etme çärelerini öz içine alýandyr. Keseliň öňüni alyş çäreleri düzüminde ftor saklanýan pastalary ulanma, beloga, witaminlere, minerallara (süýt we süýt önümleri) baý önümlere ýykgyn etme, ftor saklaýan serişdeleri kabul etme (lukmanyň maslahatyndan soň), ýiti görnüşde ýüze çykýan keselleri wagtynda bejermekden, agyz boşlugynyň arassaçylygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Dişiň kariozly zeperlendirmeleriniň öňüni almak üçin stomatolog lukmanynyň  kadaly gözegçiligi  zerurdyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 2594 gezek okalan