Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

DIŞLER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.80 (10 Ses)

Hormatly okyjy!

Lukmana ýüz tutmazdan, öý şertlerinde dişleri  agartmak köp puly sarp etmekligi talap etmeýän hem bolsa, bu çäreleri yzygider geçirmek zerurlygy döreýändir. Dişlere limon bölejigini sürtme, owradylan işjeňleşdirilen kömri diş pastasyna goşup çalma, 3%-li wodorodyň öteturşusyny (onuň 20 damjasyny 50 ml suwa garmaly) çalma ýa-da ol ergin bilen agzy çaýkama, çaý agajynyň ýagyny ulanma olary agartmaga kömek edip biler. Ondan başga-da, ýörite dişlere geýdirilýän silikondan ýasalan gaplamalara (kapa) agardyjy pastalary, serişdeleri guýup dakynyp gezme, dişleriň 4-6 günüň dowamynda agarmagyna getirip biler. Dişleri agartmagyň bu çäreleriniň dişiň syrçasyny we diş etini şikeslendirip biljekdigini belläsimiz gelýär.

Lukmana bu mesele babatda ýüz tutulan haladynda  agardyş çäreleri bir tapgyrda geçirilýän hem bolsa, bu ýagdaýda hem diş syrçasyny zeperlendirme ähtimallygy galýandyr. Häzirki wagtda dişleri agartmak maksady bilen dürli çäreler ulanylýan (ýörite agardyjy serişdeleriň täsirini güýçlendirýän  howa basyşyny, ultramelewşe şöhleleri ulanma we başgalar) bolsa-da, bu kosmetiki usullara ünsli çemeleşmelidir. Minerallara baý, sagdyn dişleriň syrçasynyň sarymtyl öwüşgin berýändigini belläp, bu agardyjy çäreleri geçirmegiň siz üçin wajyplygyny kesgitlemegiňizi aýdasymyz gelýär.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 2900 gezek okalan