Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

ÝUMURTGALYGYŇ KISTASYNYŇ BEJERGISI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.36 (11 Ses)

Hormatly okyjy!

Ýumurtgalyklarda döreýän kistalaryň görnüşine laýyklykda, lukman tarapyndan bejergi çäresi höküminde aýal jyns gormonlaryny saklaýan serişdeler bellenip biler. Kistalar ýumurtgalyklaryň kadaly işiniň bozulmagy netijesinde döreýän döremeler bolup, gormon serişdeleri şol näsazlyklary aradan aýyrmaga ýardam berýärler. Gormon serişdeleri ulanylýan wagty ýumurtgalyklara "dynç berilýär". Bejergi tamamlanandan soň, olaryň täze "biologiki düzgünde" kadaly işlemegi üçin şert döredilýär. Elbetde, ýumurtgalyklaryň işi kadalaşandan soň göwreliligiň kynçylyksyz galmagy üçin hem ýagdaý döreýär.

Esasy bellemeli zat – gormon serişdeleri lukmanyň görkezmesi we bellän tertibi bilen kabul edilmelidir.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 2038 gezek okalan

Teswirler (3)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. Lukman

Maýa!<br /> Ýumurtgalygyň kistasyny aýyrdyp, jyns gormonlary saklaýan gerdejikler bilen onuň işjeňligini kadalaşdyran bolsaňyz we aýbaşyňyz kadaly bolsa, geljekde sizde önelgesizlik ýaly kynçylyklar döremeli dälmikä diýýärin.Kista indi döremez...

Maýa!<br /> Ýumurtgalygyň kistasyny aýyrdyp, jyns gormonlary saklaýan gerdejikler bilen onuň işjeňligini kadalaşdyran bolsaňyz we aýbaşyňyz kadaly bolsa, geljekde sizde önelgesizlik ýaly kynçylyklar döremeli dälmikä diýýärin.Kista indi döremez ýaly ginekologyň dowamly gözegçiliginde saklanyň.Gerek bolan halatlarynda endokrinolog lukmanyň maslahaty hem ýerlikli bolar.

Dowamy
 
  1. Maya

Lukman hayysht edyan jogap berayinda

 
  1. Maya

Salam lukman men 21 yashymda durmusha cykmadyk sag tarapymda guycli agyry bolup yuregim bulaashyp bashlady koricegedir oydup uza dushdum sag yumurtgalygynda kista bar diydiler bejergi alyp ayyrardan uly operasiya etmeli diydiler Garnymyn 3...

Salam lukman men 21 yashymda durmusha cykmadyk sag tarapymda guycli agyry bolup yuregim bulaashyp bashlady koricegedir oydup uza dushdum sag yumurtgalygynda kista bar diydiler bejergi alyp ayyrardan uly operasiya etmeli diydiler Garnymyn 3 yerinden deship operasiya etdiler hersine bir tikin dushdi operasiyadan son bolnissada yatyp bejergi aldym sonundan 6 aylap джес diyin dermany icmegi tabshyrdylar 6 ay icdim Hudaya shukur yagdayym gowy aybashym wagtynda gelyar operasiyadan onem wagtynda gelyardi yone kista bolsan onelgezis bolyan diyyarler shol dogrymyka haysht edyan jogap berayin

Dowamy
 

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location