Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÇAGANYŇ ÝAN SUWLARYNYŇ ÜÝTGEMEGI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.86 (14 Ses)

Hormatly okyjy!

Kadada çaganyň ýansuwlary arassa bolup, diňe göwreliligiň ikinji ýarymynda oňa garyndylaryň goşulmagy netijesinde ol biraz bulançak häsiýete eýe bolup biler. Göreliligiň soňunda ýansuwlara düwünçegiň deri çalgylarynyň, derini örtýän gysgajyk saçjagazlaryň goşulmagy netijesinde ol biraz çalymtyl-bulançak reňke eýe bolup, ol hem kada hasaplanýar.

Çaganyň ýansuwlarynyň ýaşylymtyl reňkli bolmagy düwünçegiň kislorod ýetmezçiliginden habar berýär. Belli sebäpleriň täsiri bilen dörän kislorod ýetmezçiligi düwünçegiň artbujagynyň biygtyýar gysylyp, birinji täret bolan-mekonileriň bölünip çykmagyna getirýär. Şol düwünçek täreti hem ýansuwlara ýaşylymtyl reňk berýär. Ýansuwlaryň şeýle hapalanmagyna enäniň geçiren wirusly ýokançlyklary we başga beden ýokançlyklary, piýelonefrit, giçki gestoz, rezus gapma-garşylykly göwrelilik, ene-çaga-ýoldaş gan aýlanşygynyň bozulmagy, ganazlylygyň agyr derejeleri sebäp bolup biler.

Hapalanan ýansuwlaryň bejergisi dörän kislorod ýetmezçiligini kadalaşdyrmaga, oňa getiren sebäpleri aradan aýyrmaga we çaga ýoldaşynyň işini kadalaşdyrmaga gönükdirilen bolup, ginekolog lukmanyň gözegçiliginde geçirilmelidir.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 3321 gezek okalan