Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GÖWÜSLERI ULALTMAGYŇ USULLARY: ARTYKMAÇLYKLAR WE ÝETMEZÇILIKLER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.04 (91 Ses)

♦♦♦♦♦♦♦♦♦♦♦♦

Aýallaryň aglaba bölegi uly, çeýe we "öňe dyňzap" duran göwüsleri arzuw edýärler. Kiçijik göwüsli aýallar ony ulaltmagyň arzuwynda bolsa, ýeterlik ululykly göwüsleriň eýeleri bolsa ony ýokary galyp duran, çeýe görnüşe getirmäge isleg bildirýärler.

Göwüsleriň ululygy we görnüşi nämä bagly?

Göwüsler ýag dokumasy bilen gurşalan süýt çykaryjy mäzlerdir. Süýt mäzleriniň ululygy iki sany genetiki faktora bagly bolup durýandyr: jyns gormonlarynyň gandaky derejesine we süýt mäzleriniň olara bolan duýgurlylygyna. Gandaky estrogeniň mukdaryna bagly bolmazdan, estrogen aýal gormonyna duýgurlylygy pes bolan göwüsler hiç haçan uly ölçeglere eýe bolup bilmez. Göwrelilige garşy gormon serişdeleri kabul edýän aýallaryň köpüsiniň göwüsleriniň ulalyp, beýlekilerinde bolsa şol ýagdaýda galmagy şunuň bilen düşündirilýändir.

Ýag dokumasy hem göwüsleriň ululygyna täsir edýändir: ýaşyň ulalmagy bilen onuň mukdary köpelip, aýbaşydan galma döwründe onuň düzüminiň aglaba bölegini ýag dokumasy tutýandyr.

Ondan başga-da, göwüsleriň görnüşi döşüň myşsalarynyň (göwüsleriň özünde myşsa ýokdur) çeýeligine we tebigy "göwüslikler" bolan deriniň ýagdaýyna baglydyr. Ýaşyň ulalmagy bilen myşsalar gowşaýar, deri bolsa öz kadaly dykyzlygyny ýitirýär, uly we owadan göwüsler görnüşini üýtgedip sallanýarlar. Ýöne kämahallar, şeýle ýaşa görä üýtgeme esasynda kiçi göwüsli aýallar tebigatdan garaşylmadyk sowgat alýarlar: ýagyň köpelmegi netijesinde ulalýan göwüsler has özüne çekiji görnüşlere eýe bolup bilýändir.

Aýdylanlardan göwüsleri hakykatdan hem bedeniň gormonal durkuna ýa-da ýag dokumasyna, ýa-da derisine täsir etjek serişdeleriň, usullaryň kömek edip biljekdigi äşgär bolýar. Geliň ol usullaryň üstünde anyk durup geçip, olaryň ýetmezçilikleri we artykmaçlygy bilen tanşalyň.

Iýmit garyndylary, gormon saklaýjy krem

Soňky ýyllarda söwda bazarynda, öndürijileriň bellemegine görä göwüsleri bir-iki ölçeg ulaldyp biljek iýmit goşundylary döredi. Olaryň düzümini ösümlik gormonlary (fitogormonlar) düzüp, täsiri boýunça olar aýal estrogen gormonyna meňzeşdir we göwüsleriň reseptorlaryna täsit etme bilen onuň ulalmagyny üpjün edýändirler. Edil şeýle täsir bilen göwüsler aýbaşydan öň we gormon gerdejikleri kabul edilenden soň hem ulalýarlar.

Ýöne şeýle täsir hemmelerde ýüze çykmaýar we göwüsleriň estrogenlere duýgurlylygyna baglydyr. Iýmit garyndylarynyň ulanylmagy uly bolmadyk göwüsli aýallar üçin peýdasyz bolup biler. Olaryň göwüsleriniň kiçi bolmagy, aýal jyns gormonlaryna bolan pes duýgurlylykdan habar berýär. Ýöne başga ýagdaý hem bolup biler – bedende gormonlar ýetmezçilik edende bu iýmit garyndylary göwüsleriň ulalmagyna getirip biler. Bu serişdeleriň şeýle täsiri wagtlaýyn häsiýete eýedir we olaryň kabul edilmegi bes edilensoň, göwüsler ýene öňki görnüşe eýe bolýandyrlar.

Fitogormonlary ýaş gyzlara ulanma maslahat berilmeýär, çünki bu serişdeler olaryň bedeniniň kadaly gormonal ýagdaýyna zyýan ýetirip bilerler. Şeýle-de, fitogormonlaryň täsiri doly öwrenilen däldir we hünärmenleriň köpüsi olary süýt mäzleriniň howply döremelerine getirip biljekdigi barada belleýärler.

Söwda bazary fitogormon saklaýan ýörite kremleri hem hödürleýär. Olar deriniň üsti bilen siňip göwüsleri ulaldýarlar we onuň derisiniň ýazylmagyna we çekilmegine ýardam berýärler. Şeýle täsir krem ulanylýan döwründe saklanýar, göwüsler bolsa ujypsyz ölçeglere çenli ulalýarlar.

Biogel

Ençeme ýurtlarda göwüsleri ulaltmagyň bir usuly höküminde olara sanjym görnüşinde göýberilýän biogel ulanylýar. Beýle operasiýa arzan bolsa hem, ýurtlaryň köpüsinde ulanylmaga gadagan edilendir. Onuň hem öz sebäpleri bar. Iň tejribeli lukman hem biogeliň süýt mäzlerinde nähili ýerleşjekdigini aýdyp bilmeýär. Onuň ulanylmalarynyň gaýraüzülmeleri höküminde deriniň reňkiniň üýtgemegi, göwüsleriň görnüşini üýtgedýän agyryly gatamalaryň döremegi, ýokançlyklaryň düşmegi, howply döremeleriň döremegini tijendirme ýaly ýagdaýlary aýdyp bolar. Ondan başga-da, biogel bir ýerde saklanman, deriniň aşagynda "syýahat edip" hem biler. Biogeli bütinleý göwüslerden çykarmak mümkin däldir we çynlakaý gaýraüzülmeler ýüze çykanda göwüsleri aýyrmaly bolýandyr.

Göwüsler üçin owkalama usullary

Güýç ulanmazdan, ýeňillik bilen geçirilýän aýlawly owkalama süýt mäzleriniň gan aýlanşygyny gowlandyryp, deriniň çeýeligini ýokarlandyrýandyr. Bu bolsa göwüsleriň görnüşiniň gowlanyp, has ýygnanşykly bolmagyny üpjün edip biler. Mastopatiýanyň dürli görnüşlerinde owkalamany geçirmegiň maslahat berilmeýändigini bellemelidir.

Suw bilen owkalama – duşuň aşagynda duran wagtyňyz suwuň ýylylygyny sazlaň: ol çala mylaýym bolup, gyzgyn bolmaly däldir. Ilki bir göwsüň, soň beýleki göwsüň üstünden aýlawly hereketler bilen geçiň. Emziklere suw degirmeden gaça duruň. Şeýle hereketleri her gün 2 gezek, her göwüsler üçin 2-3min. geçiriň. Soňundan suwuň temperaturasyny ýyly ýagdaýa çenli ýokarlandyryp, ýene peseldiň. Temperaturany birnäçe gezek üýtgedip, her gezek 5-10 sek. saklaň. Suwly owkalamany salkynrak suwuň täsiri bilen tamamlaň.

El bilen owkalama – göwüslere ýagly ýa-da ýörite şu maksat üçin niýetlenen kremi çalyp, barmaklaryň ujynda sagat diliniň ugry bilen aýlawly hereketleri 2 min. dowamynda geçiriň. Emziklere täsir etmeden gaça duruň. Soňundan aşakdan ýokary, emziklerden ýaýjyk süňküne we gollara garşy sypalaň. Barmaklaryň ujy bilen emziklerden göwüsleriň daşky gyrasyna çenli ýeňil hereketler bilen 2 min. dowamynda sypalamalar geçiriň. Hemme hereketler emaý bilen geçirilip, güýç ulanylmaly däldir.

Ýokarda bellenilşi ýaly, göwüslerde myşsalar bolmasa hem, döş myşsasyny türgenleşdirmek netijesinde hem göwüsleriň görküni gowlandyryp bolýandyr. Aşakda şeýle maşklaryň birnäçesini mysal getirýäris:

► Eliň aýalaryny gysmak: tirsekleri döşüň derejesinde saklap, biri-biriniň üstüne goýlan eliň aýalaryny öňüňizde saklaň. Eliň aýalaryny biri-birine 3 gezek mäkäm gysyp, soňundan elleriňizi göýberiň. 10 gezek gaýtalaň.

► Eliň çekilmeleri: tirsekleri döşüň derejesinde saklap, elleriňiziň barmaklaryny biri-biriniň arasyndan geçiriň. Döş myşsalaryna agram salyp, elleriňizi biri-birinden aýyrjak boluň. 10 gezek gaýtalaň.

► Ganteli ulanmak: gantelleri ýa-da suwly çüýşäni ulanyň. Arkan ýatyp, her eliňize gantel alyň. Gantelli elleriňizi galdyryp, iki tarapa hem hereketlendiriň. Ondan başga hem elleriňizi poldan galdyryp, soňundan emaý bilen aşak düşüriň. 15 gezek elleriňizi galdyryp we ýokarda saklap, 15 gezek hem gantelli elleriňizi döşüňizde epiň. 3 tapgyr gaýtalaň.

Wakuum-owkalamasy

Göwüsleri ulaltmagyň ýene bir hirurgiki däl usuly bolup durýandyr. Ilkibada bu usul ýaş eneleriň çaga emdirmäge taýyn bolmadyk göwüslerini taýynlamak üçin ulanylýardy. Soňabaka bu usul göwüsleriň görnüşini üýtgetme, olary galdyrma maksady bilen hem ulanylyp başlanyldy. Wakuum-owkalamasynyň kömegi bilen gerek netije gazanylýan bolsa hem, ol wagtlaýyn häsiýete eýe bolup, bu ýagdaý deriniň üstki gatlaklarynyň çişginliliginiň döremegi netijesinde gazanylýar.

Hünärmenleriň köpüsi bu usuly höwpsuz hasaplamaýarlar, çünki ol süýt mäzlerinde gan aýlanşygynyň bozulmagyna getirip bilýändir.

Implantatlar

Göwüsleriň dogry we owadan görnüşini gazanmak maksady bilen protezler-implantatlar ulanylýar. Mastopatiýa, allergiki täsirlilik, bedeniň agyr dowamly kesellerinde bu usuly ulanyp bolmaýar. Göwüs protezleri sport türgenlerine we hünäri urgy, müçükme almak howpy bilen bagly aýallarda ulanylmaýar. Şeýle hem, 18 ýaşa ýetmedik aýal maşgalalarda hem bu usuly ulanmak üçin gyssanmaly däldir.

Häzirki zaman implantatlary – ýörite erginler bilen doldurlan, daşy silikon örtükli protezlerdir. Gatyşyk – iki ýa-da üç kameraly implantatlar bolup, olaryň daşky örtügi fiziologiki ergin bilen doldurylsa, içki kamera silikon geli bilen doldurylýandyr. Protezleriň soňky görnüşleri höküminde poliwinilpirrolidon gidrogeli saklaýan implantatlary belläp geçip bolar.

Islendik hirurgiki operasiýa mahsus bolşy ýaly, bu usulyň hem öz gaýraüzülmeleri ýüze çykyp bilýändir. Göwüslerde gan ýygnanmalaryň döremegi, operasiýadan soňky döwürde ýokançlyklaryň täsiri, implantatlaryň şikeslenmegi – onuň düzüminiň akmagy ýa-da onuň ýerinden süýşmegi, implantatyň daşynda fibrozly örtükleriň döremegi şeýle gaýraüzülmelere degişli edilip bilner. Şonuň bilen birlikde bolsa, plastiki hirurglaryň Amerikan jemgyýetiniň bellemegine görä, şu günki gün silikon protezleriň ygtybarlyk derejesi 95%-e barabardyr.

Ýokarda bellenilip geçilen usullaryň içinde öý şertlerinde hem geçirip boljak, lukmançylyk kömeginiň esasynda hem amala aşyryp boljak usullar bardyr. Ýöne hemmesiniň arasynda hem öz netijeliligi boýunça owklama, döş myşsasyny türgenleşdirme we plastiki lukmançylygyň gazanany bolan – impalntatlaryň ulanylmagyny aýratyn bellemek bolar. Göwüsleriň ululygyny we görnüşini ulaltmagy ýüregiňize düwen bolsaňyz, ilki bilen mammolog lukmanynyň maslahatyny alyp, ol ýa-da bu usuly ulanmaga garşy görkezmeleriň ýokdugyndan ynamly boluň.

  • 11422 gezek okalan