Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

KISTA GELEJEKDE-DE ÖSMESINI DOWAM EDERMIKÄ?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (3 Ses)

Hormatly okyjy!

Siziň gürrüň berşiňize görä, gyzyň ýatgysynda (ýa-da ýumurtgalyklarynda hem) sowuklama ýagdaýy, ýumurtgalyklarynda hem kista bar.

Siz 4-5 aý haýsy bejergileri alandygyňyz barada maglumat bermeýärsiňiz. Ýumurtgalykda kistanyň döränligini USB görkezdimi? Bejergiden soň onuň ölçegleri ilkibaşkydan kiçeldimi?   

Kistalar öz döreýşi, gurluşy boýunça dürli-dürli bolup, olar hem aýbaşynyň bozulmalaryna, agyrylara, gan akmalara getirip biler.

Gaýtadan bu ýagdaýlaryň sebäbini anyklap, bejergi bellemek üçin näsaga aýallar lukmanyna ýüz tutup, aýal jyns agzalarynyň USB-ny geçmek, jyns ýollaryndan bölünip çykmalaryň bakteriologiki barlagyny, ganyň jyns gormonlaryna barlagyny geçirmek gerekdir.

Bedeniň endokrin mäzlerinde başga näsazlyklary anyklamak üçin endokrinolog lukmanyň maslahaty hem wajypdyr. Alnan netijelere görä, lukman sowuklama garşy bejergi tapgyryny we zerur bolan ýagdaýynda aýallyk gormon serişdeleri bilen (kistanyň görnüşine görä, anyk görkezme bolanda) bejergi berer.

Eger kista has ulalyp, aýbaşy bozulmalaryna getirýän bolsa, ony hirurgiki usul bilen aýyrmak dogry bolar. Bu operatiw bejergi gyzyň bedenine hiç hili ýaramaz täsirini ýetirmeýär.

Kistalaryň aýal önelgesizliginiň sebäbi bolup biljekdigini ýatda saklamalydyr.

Operasiýadan soň bedende dörän gormonal bozulmalaryny doly bejermek üçin, gyz-aýal lukmanyň gözegçiliginde bolup, ýene käbir barlaglardan geçmeli bolar.

Hormat bilen, Lukman.

  • 3722 gezek okalan

Teswirler (8)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. Maya

Lukman haysht edyan jogap berayinda

 
  1. Maya

Salam lukman men 21 yashymda durmusha cykmadyk sag tarapymda agyry peyda bolup yuregim bulashyp bashlady korcegemika diyip uza dushdim welin sag yumurtgalygynda kista bar diydiler bejergi bn ayryp bolmayar olcegi uly operasiya etmesen bolanok...

Salam lukman men 21 yashymda durmusha cykmadyk sag tarapymda agyry peyda bolup yuregim bulashyp bashlady korcegemika diyip uza dushdim welin sag yumurtgalygynda kista bar diydiler bejergi bn ayryp bolmayar olcegi uly operasiya etmesen bolanok diydiler garnymyn 3 yerinden deship operasiya etdiler hersine yekeje tikin dushdi yzyndanam bolnisada yatyp bejergi aldym son 6 aylap джес dermanyny icmegi tabshyrdylar dermany 6 aylap icdim Hudaya shukur yahdayym gowy aybashymwagtly wagtynda gelyar operasiyadanam on wagtynda gelyardi shu wagt yagdayym gowy yone kopler kista bolsan onelgesiz bolyan diyyarler shol dogrumyka?

Dowamy
 
  1. seyli

salam lukma.eger gyzlyk bar yagdayynda gowreliligini nadip bilip bolyar.aybasy gowreli bolsan duybunden galyamy gelmesi.

 
  1. seyli

salam lukman.gowreliligini nadip bilip bolyar eger gyzlyk perdesi ayrylmadyk bolsa.seylede gowreli bolan yagdayynda aybasyn gelmesi duypli galyamyn.

 
  1. Ashyrguly

Da

 
  1. Dovlet

salam lukman.men sizden sorajak zadym jynsy gatnasykda bolnanda tiz tamamlanma problemasy yagny 1-2 mint arasy on bejergi aldym peyda bermedi erkeklik mazinde sovklama ve kista bar diydiler.bejergini alanma bir yil boldy yone peyda bermedi. Bu...

salam lukman.men sizden sorajak zadym jynsy gatnasykda bolnanda tiz tamamlanma problemasy yagny 1-2 mint arasy on bejergi aldym peyda bermedi erkeklik mazinde sovklama ve kista bar diydiler.bejergini alanma bir yil boldy yone peyda bermedi. Bu yagdayda name edip bolar bu yagdayin bejerilmegine umyt barmy sizin maslahatynyza garasyan.kop sagbolun.

Dowamy
 
  1. Lukman

Myrat!<br /><br /> Jyns gatnaşygy arkaly ýokuşan ýokançlygyň kömelejiklerdigini we onuň haýsy görnüşidigini laborator barlagy geçip takyk anyklap bolar.Eger Sizi kömelekli ýokançlyklar barada maglumat gyzyklandyrýan bolsa, saýtymyzda...

Myrat!<br /><br /> Jyns gatnaşygy arkaly ýokuşan ýokançlygyň kömelejiklerdigini we onuň haýsy görnüşidigini laborator barlagy geçip takyk anyklap bolar.Eger Sizi kömelekli ýokançlyklar barada maglumat gyzyklandyrýan bolsa, saýtymyzda ýerleşdirilen "Peşew we jyns agzalaryň kömelekli ýokançlygy"atly makala bilen tanyşmagyňyzy maslahat berýäris.

Dowamy
 
  1. myrat

salam men ayal masgal bilen jynsy gatnasyk edemde gribok kesel yokasdy sona name derman icsen bolarka

 

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location