Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GÖWRELI GELNIŇ AÝAGYNYŇ DAMARY NÄMEDEN ÇISÝÄR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.67 (9 Ses)

Hormatly okyjy!

Göwrelilik döwründe wena damarlarynyň giňelmegi bu döwürde olara düşýän agramlylyk, gormonal üýtgemeler, umumy ganyň mukdarynyň köpelmegi bilen düşündirilýär.

Uzak ýöremeden ýa-da dik durmadan soň aýaklara dynç bermek (biraz ýokary galdyryp), wena damarlarynyň diwarlaryny berkidýän serişdeleri (askorutin gerdejigi, lioton, wenoruton, troksewazin melhemi we başgalar) kabul etmek, uzak ýöräňizde, aýak üstünde bolanyňyzda elastiki trikotaždan edilen joraplary, kolgotkalary geýmek wena damarlarynyň giňemeginiň öňüni alyp biler.

Göwrelilik döwründe dörän warikozly üýtgemeleriň derejesini kesgitlemek üçin hirurg lukmanyna ýüz tutmak ýerlikli bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 8671 gezek okalan