Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

GYZLYK PERDESI: ZENAN SYRLYLYGYMY ÝA-DA ADATYLYK?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.03 (417 Ses)

Gyzlyk perde näme we ol nirede ýerleşýär?

Gyzlyk perde (latyn. – hymen) – jynshananyň girelgesinde ýerleşip, daşky we içki jyns agzalary araçäkleýän nemli örtügiň epinidir. Gyzlyk perde uly jyns dodaklardan 1-3 sm. çuňlukda ýerleşip, ony has uzakdan gözleme synanşygy onuň zeperlenmegine getirip biler. Perde birleşdiriji dokumadan ybarat söýget beriji esas görnüşde bolup, onuň içinden myşsa we nerw süýümleri, gan damarlary geçýändir. Onuň düzümindäki myşsa süýümleri onuň çeýeligini we berkligini, gan damarlarynyň sany – ýyrtylmada ganyň mykdaryny, nerw süýümleriň mukdary bolsa – ýyrtylmada agyrynyň häsiýetini kesgitleýändir.

Gyzlyk perdäniň ilkibaşdan bitewi däldigini we onda bir ýa-da birnäçe deşijekleriň ýerleşýändigini bellemelidir. Ol deşijekler aýbaşy ganly bölünip çykmalar, nem üçin çykalga bolup durýandyrlar.

Gyzlyk perdede deşijekler bar bolsa, ol onda näme üçin gerek?

Lukmanlaryň bellemegine görä, gyzlyk perde jynshanany ýokançlyklardan gorap, onuň arassaçylygyny üpjün edýär. Onuň ýyrtylmasyndan soň, jynshananyň mikroflorasy üýtgäp, ol bakteriýalaryň dürli görnüşiniň köpelmegine sezewar bolýar.

Gyzlyk perdäniň dürli görnüşleriniň bardygyny eşitdim. Şol dogrumyka?

Gyzlyk perde dürli görnüşlerde bolup, onuň 20-ä golaý görnüşini tapawutlandyrýarlar: halka şekilli, ýarymaý we ýarymaý gyraly, dodak görnüşli, gyralary diş-diş görnüşli, bölekleýin şekilli, gyrkyndyk şekilli, araçäkli, iki bölek şekilli, elek şekilli, ösüntgi şekilli, deşik şekilli we başgalar.

Gyzlyk perdesi doga bolman bilermi?

Käbir ýagdaýlarda gyzlyk perde doga bolman hem biler ýa-da ol deşijeksiz bolup biler. Dürli ýagdaýlaryň täsiri bilen, tyg emele gelme we sepleşme hadysalary esasynda perdäniň deşijekleri ýapylyp hem biler ýa-da perde öz-özünden ýyrtylyp hem bilýändir.

Gyzlyk perdäni nähili şikeslendirip bolýar?

Jynsy gatnaşyklaryň geçirilmegi netijesinde gyzlyk perdäniň ýyrtylyp bilinjekdigini nazara almazdan, ony şikeslendirip biljek başga sebäpleriň üstünde durup geçeliň:

► Seksual oýunlar – barmaklar bilen gyjyndyrma, ujydyň jynshana doly salynman daşky jyns agzalary gyjyndyrmagy perdäniň zeperlenmeginiň sebäbi bolup biler. Şeýle seksual oýunlaryň, perdäni şikeslendirmese hem, göwreliligiň galmagyna sebäp bolup biljekdigini ýatdan çykarmaly däldir. Erkeklik dölüniň gyzyň daşky jyns agzalaryna düşüp, hereketjeň erkeklik jyns öýjükleriniň perdäniň deşijeginden jynshana, soň bolsa ýatga ýetmegi mümkindir.

► Öz-özüňi gyjyndyrma (masturbasiýa) – jynshana barmagyň (barmaklaryň) ýa-da başga zatlaryň salynmagy netijesinde hem perde şikeslenip biler. Emaý bilen geçirilen hereketler hemişe ýyrtylma getirip bilmeýär, çünki perde çeýe bolup, ol süýnmäge ukyplydyr. Ondan başga-da, barmaklar bilen perdäniň deşijeginden onuň aňyrsyna geçilmegi, perdäniň duýulmazlygyna hem getirip bilýändir. Her niçik hem bolsa, şeýle oýunlar perdäniň, gyzyň özi üçin agyrsyr geçen sikeslenmegine getirip biljekdigini ýatda saklamalydyr.

► Gigiýeniki serişdeleriň (tampon) nädogry ulanylmagy – gyzlar üçin ulanylmaga niýetlenen gigiýeniki serişdeler, ýörite geçirijileriň (applikator) kömegi bilen goýulanda şikeslenmä getirip bilmeýär. Şeýle gigiýeniki serişdeleri ulanmak üçin ýörite usullylygyň gerekdigini belläp, gyzlara serişdeleriň başga görnüşlerini saýlamaklaryny maslahat berýäris.

► Aýal lukmanyň barlagynda ýörite lukmançylyk enjamlaryň ulanylmagy – beýle ýagdaýlar örän seýrek duş gelip, näsag özüniň gyzdygyny aýtmagy ýadyndan çykaran halatlarynda bolup biler.

► Çagalyk döwründe ene-atalaryň gyzjagazlaryň daşky jyns agzalaryny oňaýsyz ýuwmagy.

Sport bilen meşgullanma ýa-da tans etmek gyzlyk perdäniň şikeslenmegine getirip bilermi?

Gyzlyk perde daşky täsirleriň, şol sanda: bir zada dyrmaşyp münme, sport ýa-da tans bilen meşgullanma, kinnigi gyjyndyrma, çanaklygyň şikeslenmegi, ýörite biçüwli, gysyp duran içki geşimleriň (stringi) geýilmegi netijesinde şikeslenmeýär.

Birinji jynsy gatnaşyklarda agyrynyň we ganyň bolmazlygy, onuň öň ýyrtylandygyny aňladyp bilermi?

Jynsy gatnaşyklar gyzlyk perdäni ýyrtyp biljek esasy sebäp bolup durýandyr. Birinji gatnaşyklarda (deflorasiýa) perdäniň ýyrtylmagy agyrynyň döremegi we ganyň akmagy bilen geçip biler. Ýöne agyry we ganly bölünip çykmalar bolup biljek alamat bolsa-da, hökmany ýüze çykmaly alamat däldigine ünsüňizi çekesimiz gelýär. Eger perde galyň bolup, gan damarlaryna we nerw süýümlerine baý bolan halatynda, ganyň köp mukdarynyň gelip, agyrynyň bolmagy mümkindir. Eger gyzlyk perde ýuka we çeýe bolup, gan we nerw birikmelerine garyp bolan ýagdaýynda, gan gelme we güýçli agyry syn edilmän hem biler.

Kähalatlarda, perde juda çeýe bolup, süýnmäge ukyply bolan ýagdaýynda ol çaga dogrumyna çenli ýyrtylman hem bilýändir. Şeýle ýagdaý ýarymaý şekilli, ortada ýerleşýän uly deşijekli perdede syn edilip bilner. Ýöne dogrumdan soň perde tutuşlaýyn ýyrtylyp, onuň diňe bölejikleri galýar.

Birinji jynsy gatnaşyklarda gyzlyk perde ýyrtylman hem bilýärmi?

Galyň, birleşdiriji dokuma baý gyzlyk perde ilkinji gije erkek adam tarapyndan "alynman" hem bilýändir. Ony ýyrtma synanşyklary gyzda güýçli agyrylary döredip, jynsy gatnaşyklara bolan gorkynyň we seksual sowuklygyň döremeginiň sebäbi bolup biler. Düýpli psihologiki kynçylyklaryň öňüni almak maksady bilen, şeýle gyzlyk perde lukman tarapyndan dilnip (hirurgiki deflorasiýa) aýrylmalydyr.

Gyzlyk perdäniň bardygyny nädip bilip bolýar?

Gyzlyk perdäniň bardygyny diňe akuşer-ginekolog lukmany kesgitläp bilýär. Barlag netijesinde ol onuň bardygyny ýa-da ýokdugyny, haçan ýyrtylandygyny anyklap bilýändir.

Gyzlyk perdäni özbaşdak anyklama synanşyklarynyň bütün perdäniň şikeslenmegine hem getirip biljekdigini ýatladasymyz gelýär.

Ýyrtylan gyzlyk perdäni täzeden dikeldip bolýarmy?

Gyzlyk perdäniň täzeden dikeldilme operasiýasyny "gimenoplastika" diýip atlandyrýarlar. Ahlaklylyk we däp-dessur kadalaryny göz öňüne tutup, ýuridiki esasda biziň lukmançylyk merkezlerimizde bu operasiýany geçirme rugsat edilmeýär.

• 126508 gezek okalan

Teswirler (102)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
1. atokka

Gyzyn gyzlygy bardygyny nadip bilse bolarka das gornusinden

1. Guwanc

Salam lukman men 7 gun boldy gelnimin gyzlygny alyp bilemok .aglaya we howesim gacya nadip almaly komek edin

1. Baymuhammet

sag bolun òzunizi goran gyzlyk bir gezeklikdir

1. Merjen

Siz bn nadip habarlasyp bolar

1. serdar

gyzlyk perderesi ýyrtylanda näçäräk gan gelýäkä we agyrly bolýamyka gyzlyk perde ýyrtylsa çalaja degireňde sokaňda däl degireňde ýyrtylup bilermi

1. serdar

lukman siz bilen nädip habarlaşyp bolýa

1. Maral

Salam lukman sag bolun aytyan zatlarynyz ucin

1. Kici oglan

Isleg kopelya her adam oz islegni gowy goryan adamsy bilen barlap gormek isleya yone turkmencilikde bolmaya biz gaty yza baryasturkmencilikde bolmasada islegi saklap bolmaya sen bir gun cydarsyn ikilenji gun yene kosenip yorersin son ucin kone...

Isleg kopelya her adam oz islegni gowy goryan adamsy bilen barlap gormek isleya yone turkmencilikde bolmaya biz gaty yza baryasturkmencilikde bolmasada islegi saklap bolmaya sen bir gun cydarsyn ikilenji gun yene kosenip yorersin son ucin kone duzgunlenizi yuwasadan yitirmegnizi hayys edyan!!!!
Kim mana gosulya?

Dowamy

1. Perman Otuzow

gyzlyk perdesinin içine barmagyňy
salanyňdan gyzlyk perdesi ýyrtylyp bilermi
lukman su barada maslahat berayseniz yada
haysy makalany okamagy aýdaýsaňyz sizden
hoşal bolardym

1. gulalek

Gyzlyk perdani dikip bolyamy we ol bizde mumkinmi we nirde belki mumkin bolsa aydayyn

Köpräk teswir ýükle

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location