Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

ÝATGY BOÝUNJYGYNYŇ ÝARASY SEBÄPMI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.44 (9 Ses)

Hormatly Ogulbaýram!

Dogrudan hem, ýatgynyň boýunjygynyň ýarasy (eroziýasy) çaga galmazlygynyň sebäbi bolup bilmez. Ýöne özwagtynda bejergi geçirilmedik ýagdaýynda, ol ýaranyň ýatgynyň boýunjygynyň howply kesellerine (rak keseline) öwrülme ähtimallygy uludyr. Edil şol sebäpden hem, göwreliligi meýilleşdirmezden öň, lukmanyň barlagyny geçip (sitologiki barlag, jynshana neminiň çyrşagynyň laborator barlagy), degişli bejergini almak ýerlikli bolardy.

Çaga galmazlygynyň sebäbini anyklamak üçin bolsa goşmaça barlaglary (ganyň ýokançlyklara barlagy, jyns agzalarynyň USB-gy, ýatgy turbajyklarynyň geçirijiligini barlamak, ýumurtgalaryň gormonal işjeňligini anyklamak, galkan şekilli mäziň işini anyklamak) geçirmek gerek bolar. Bu maksat üçin Size gözegçilik edýän ginekolog lukmanyňyza ýüz tutuň.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 2919 gezek okalan

Teswirler (1)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. Merjen

Salam. Menin gellejemin miyomasy bar. Miyoma garşy kop bejergi alypdyr yone ayrylmandyr. Ha hem ulalypdyr. Miyoma üçin name maslahat beryaňiz? Hem lukmanlar yatgynyň turbalary yapyk diyipdirler. Yatgynyň turbalary miyoma sebapli yapylyp bilyarmi?...

Salam. Menin gellejemin miyomasy bar. Miyoma garşy kop bejergi alypdyr yone ayrylmandyr. Ha hem ulalypdyr. Miyoma üçin name maslahat beryaňiz? Hem lukmanlar yatgynyň turbalary yapyk diyipdirler. Yatgynyň turbalary miyoma sebapli yapylyp bilyarmi? Yada başga sebapdenmyka? Eger mumkin bolsa düşündiraýiň. Kop sag boluň.

Dowamy
 

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location