Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

GÖWRELILIK DÖWRÜNDE BURNUŇ DYKYLMAGY HOWPLUMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.11 (9 Ses)

Hormatly okyjy!

Göwrelilik döwründe gan aýlanşygynyň we ganyň mukdarynyň ýokarlanmagy sebäpli, burnuň gan damarlary dolup, burnuň dykylmagynyň sebäbi bolup bilerler. Onuň çaganyň ýagdaýyna hiç hili ýaramaz täsiri ýokdur.

Şeýle-de, göwrelilik döwründe allergiki täsirliligiň döremegi sebäpli burnuň dykylmagy, ýokançlyklaryň we wiruslaryň täsiri bilen burnuň nemli gatlagynyň sowuklamagy (ýiti rinit), çişmegi, nemiň akmagy duş gelip biler.

Ýokançlyklaryň täsiri bilen ýiti rinitiň döremegi bolsa çaga üçin ýokançlyklaryň çeşmesi bolup, çaganyň, onuň ýansuwlarynyň, çörekçäniň ýagdaýyna ýaramaz täsirini ýetirip biler.

Burnuň dykylmagynyň anyk sebäbini anyklamak üçin otorinolaringolog (LOR) lukmanyna ýüz tutmak ýerlikli bolardy.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 843 gezek okalan

Teswirler (3)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. Hicran

Salam Lukman! Meniñ soragym şeýleräk we bu sorag meni gaty gorkuzýar. Meniñ jyns organym gaty kiçi. Lukmançylyk ýoly bilen ulaldyp bolarmy? We şeýle edende saglyga zyýany bolarmyka operassianyñ? Şu bilmediklerim hakynda giñişleýin açyklama...

Salam Lukman! Meniñ soragym şeýleräk we bu sorag meni gaty gorkuzýar. Meniñ jyns organym gaty kiçi. Lukmançylyk ýoly bilen ulaldyp bolarmy? We şeýle edende saglyga zyýany bolarmyka operassianyñ? Şu bilmediklerim hakynda giñişleýin açyklama girkizäýseñiz. Öñünden sag boluñ!!!

Dowamy
 
  1. Lukman

Bäşim!<br /><br /> Göwrelilik döwründe dişiňi gyrdyryp arassalatma, oňa petik (plomba)goýmak we bejermek üçin iň oňaýly we howpsuz möhlet-göwreliligiň ikinji ýarymydyr (14-26 hepdeler aralyk). Sebäbi bu möhletde göwreli aýalyň umumy ýagdaýy...

Bäşim!<br /><br /> Göwrelilik döwründe dişiňi gyrdyryp arassalatma, oňa petik (plomba)goýmak we bejermek üçin iň oňaýly we howpsuz möhlet-göwreliligiň ikinji ýarymydyr (14-26 hepdeler aralyk). Sebäbi bu möhletde göwreli aýalyň umumy ýagdaýy kadalaşýar, çaganyň hemme beden agzalary emele gelýär, çaga çörekçesiniň goraýjy täsiri çagany köp ýaramaz faktorlardan goraýar. Ýöne gyssagly ýagdaýlaryň ýüze çykmagy ( meselem,güýçli diş agyrysy)elbetde, bejergini islendik möhletde geçirmäge görkezme bolup bilýändir.Dişiň bejergisi geçirlende,göwreli ýatgynyň ýygrylmasynyň öňüni almak üçin agyrsyzlandyrmany geçirme hökmanydyr.Göwreliler üçin ultrakain,primakain agyrsyzlandyryjy serişdeleri howpsuz hasaplanýar.

Dowamy
 
  1. bashim

Salam dokdarlar menin bir soragyma jogap berseniz gaty hosal bolardym yagny gelin gowreli wagty disini gyrdyryp bejergi alsa icindaki caga zyyany barmyka.

 

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location