Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

EROZIÝA ÖNELGESIZLIGE GETIRIP BILÝÄRMI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

eroziya onelgesizlige getirip bilyarmi

 

"Yatgynyň boýunjygynda eroziýa bolanda önelgesizlige sebäp bolup bilermi? Egerde eroziýany dürli ýollar bilen aýyrsaň önelgesizlige getirip bilermi? Çaga dogurmadan öň eroziýa bar bolsa, ony şeýle ýagdaýda galdyrmalymy ya-da aýyrmalymy?"

Saýtyň okyjysy

Hormatly okyjy,

Ýatgynyň boýunjygynyň eroziýasy önelgesizligiň sebäbi bolup bilmeýär.

Ýöne, eroziýanyň döremeginiň sebäpleri bolýan ýokançlyklar, wiruslar, şol sanda adamyň papilloma wirusy (APW) göwreliligiň geçişine öz ýaramaz täsirini (düşükler, wagtyndan öň dogum, çaga ýan suwlarynyň, çaga ýoldaşynyň üýtgemegi we baş) ýetirip biler.

Ýatgy boýunjygynyň eroziw üýtgemeleri oňa getiren sebäplere, barlaglaryň netijelerine baglylykda derman serişdeleri we hirurgiki usullar bilen bejerilýär. Eroziýany sowuk azotly akymyň (kriobejergi), lazer şöhlesi, radiotolkunly usul bilen aýyrmak zepersiz, “ýumşak” usullar hasaplanýar we ýatgy boýunjygyny üýtgedip, önelgesizlige getirip bilmeýär.

Göwrelilik döwri hirurgiki usullar bilen bejergi geçirilmeýär.

Göwrelilik meýilleşdirilmezden öň, ýörite barlaglar (sitologiýa, kolposkopiýa, APW barlagy, gistologiýa) netijesinde ýatgy boýunjygynyň ýagdaýyny anyklap, degişli bejergini almak zerurdyr. Göwrelilikden öňki şeýle taýynlyk göwrelilikde döräp biljek gaýraüzülmeleriň öňüni almaga kömek edip biler. Göwrelilikde bolup geçýän gormonal üýtgemeleriň ýatgy boýunjygynyň öýjükleriniň ýagdaýyny hem üýtgedip biljekdigini ýatda saklamalydyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany

  • 24 gezek okalan