Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GÖWREDÄKI ÇAGA NÄHILI ÖSÝÄRKÄ?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.27 (51 Ses)

GÖWRELILIGIŇ   AÝLAR   BOÝUNÇA   ÖSÜŞ   AÝRATYNLYKLARY

Çagany göterip, soňundan dogurmak aýal maşgala berlen uly bir peşgeşdir. Durmuşyň bu jogapkärli böleginde ol bir kiçijik öýjükden täze bir janly bedeniň emele gelýän jadyly mekanyna öwrülýär.

Göwrelilik döwri ortaça 280 gün dowam edip, ol 10 akuşer aýy (28 günli) ýa-da 9 kalendar aýy öz içine alýandyr. Şol wagtyň dowamynda ýatgyda bir kiçijik öýjükden doly kemala gelen düwünçek – kiçijik adam emele gelip, onuň bedeni ýatgydan daşarky durmuşa doly taýyn bolýandyr.

Siz her aýda öz çagaňyzyň nähili ösýändigi bilen gyzyklanýaňyzmy? Geliň, göwreliligiň ösüş kalendaryny okap göreliň.

1-nji aý (göwreliligiň 1 4 hepdesi)

Aýal jyns öýjüginiň tohumlanan döwründen başlap, ýatgynyň turbasynda öýjükleriň bölünme mehanizmi goýberilýär. Öýjükleriň bölünme tizligini göz öňüne tutup, "Seniň çagaň günsaýyn däl-de, sagatsaýyn ösýär" diýseň hem boljak.

  • Tohumlanmadan soňky üçünji gün bedende adam horion gonadotropin gormony emele gelip başlaýar. Bu gormon aýal bedeninde bolup geçýän özgermeleri amala aşyrýandyr.
  • Birinji üç hepdede bölünen öýjükler (zigota) embriona (tohum düwünçegine) öwrülýändir.
  • Düwünçekde hemme agzalar emele gelip başlaýar.
  • Dördünji hepdäniň ahyrynda embrionda gan aýlanyşygy başlap, geljekde emele geljek çaga ýoldaşy bilen arabaglanyşyk hökmünde göbek bagy emele gelýär.
  • Embrion ýatgynyň bir diwaryna beklenýär (implantirleýär).
  • Birinji aýyň soňuna embrionda göz hanalary, aýajyklaryň we elleriň sudury emele gelýär.

Dördünji hepdäniň soňuna embrion öz daşky görnüşi boýunça gulak ýelkenini ýada salyp, ol tozgajygyň ululygyna (1mm golaý) deňdir.

2-nji  aý (göwreliligiň 5 – 8 hepdesi)

Embrion hemme daşky bardalary bilen ýatgynyň içki diwaryna beklenenden soň, ol öňküsi ýaly çaga düwünçeginiň haltajygyndan däl-de, ejesiniň bedeninden iýmitlenip başlaýar. Şol sebäpden hem ol çalt ösüp başlaýar.

  • Ösüşiň birinji aýynda çaga düwünçegi iki gatlakdan – endoderma (içki) we mezoderma (ortaky) gatlaklardan ybarat bolsa, 5-nji hepdede 3-nji gatlak ektoderma (daşky) gatlak emele gelip, ol nerw ulgamyň, deriniň, saçlaryň, diş syrçasynyň esasyny düzýär. Embrionyň yzky böleginde ternawjyk emele gelip, ol ýuwaş-ýuwaşdan düýrlenýär. Şol ternawjyk nerw trubkasy, horda, soňundan bolsa merkezi we periferiýa nerw ulgamynyň başlangyjy bolar. Döşde ýönekeý trubka görnüşde ýürek emele geler.
  • 6 hepdede Siziň çagaňyzyň hemme agzalary emele gelip, ol ýagdaýy organogenez diýip atlandyrýarlar
  • 7-nji hepdede beýniniň ulalmagy sebäpli çaganyň kelle çanagy çalt ösüp başlaýar. Ol tegelenip göz hanalary görnüp başlaýar. Burnuň, agzyň başlangyjy emele gelýär. Geljekde emele geljek dem alyş ulgamynyň iki sany bronhial şahasy döreýär. Çaganyň ýüreginiň bölümleri bilen bilelikde arteriýalar hem bölünip başlaýar. Wena damarlary, bagyr, dalak we öt halta emele gelip başlaýar, ýöne, olar entek öz işlerini ýerine ýetirmeýärler.
  • UZB-niyň görkezişi ýaly, 8-nji hepde-de embrion özüniň birinji hereketlerini amala aşyryp, onda barmajyklar bilen elleri aňşyryp bolar, ýöne aýajyklar biraz giç görnüp başlar. Şeýle hem ýokarky dodagy, burny we gulak ýelkenjiklerini görmek  başardar.

Embrionyň uzynlygy 2-nji aýda 13 mm barabardyr.

3-nji  aý (göwreliligiň 9 – 12 hepdesi)

3-nji aýyň dowamynda Siziň çagaňyz embrion tapgyryny geçip, akuşerçilikde "düwünçek" diýip atlandyrylýan tapgyra gadam basar.

  • Göwreliligiň 9-njy hepdesinde çaganyň skeleti  (gaňyl  ulgamy) bilen bagly üýtgemeler bolup geçýär. Ellerdäki kekirdewükler süňklere öwrülip başlaýar. Eller we aýaklar epilip başlaýar. Düwünçegiň boýny emele gelýär. Ondan başga-da, gabaklar emele gelýär, ýöne olar entek biri-biri bilen sepleşendir.
  • 10-njy hepdede – çaganyň embrional döwrüniň tamamlanýan wagtydyr. Elleriň we aýaklaryň barmaklary biri- birinden aýrylandyr, olaryň arasyndaky perde ýitip gidýändir. Çaganyň daşky jyns agzalary bilinmeýän bolsa-da, oglanjyklarda testosteron işläp çykyp başlaýandyr.
  • 11-nji hepdede tutuşlaýyn guýrujak ýitip gidýändir. Çaga kiçijik adamyň sypatyny alsa hem, onuň beden bölekleriniň aragatnaşygy onuň doglan wagtyndakysyndan mese-mälim tapawutlanýandyr. Ösüşiň bu tapgyrynda çaganyň agramynyň 10%-ni bagryň agramy düzýändir. Çagajykda böwrekler işläp başlap, olar çaganyň ýansuwlarynyň üstüni ýetirip durýan peşewi bölüp çykarýandyrlar.
  • 12-nji hepdede agzalaryň emele gelme ýagdaýy tamamlanýar. Emele gelen agzalar ulgamy düwünçegiň ösüş  döwründe öz kämillik derejesine ýetýärler. Beden agzalarynyň emele gelýän birinji üç aýynda bellenilmedik dermanlary kabul etmekden, himiki maddalaryň, radiasiýanyň, ýokançlyklaryň täsirinden geljekki ene gaça durmaga çalyşmalydyr.

3-nji aýyň soňunda düwünçegiň boýy 61 mm, agramy 14 grama deňdir.

4-nji  aý (göwreliligiň 13 – 16 hepdesi)

  • 14-nji hepdede çaganyň skeletini düzýän kekirdewükler süňke öwrülýändir. Düwünçegi jynsy taýdan tapawutlandyryp bolsa hem, USB-de olar görünmeýär.
  • 15-nji hepdede kellede saç örtügi, ýüzde bolsa gaşlar emele gelip ugraýar. Bu möhletde öt halta hem işläp başlaýandyr.
  • 16-njy hepdede çaganyň gözleri we gulaklary doly emele gelýär. Onuň aýaklary uzalyp, bedeniň uzynlygyna görä deňleşýär. Bu möhletde çagajygyň dyrnaklary doly emele gelýär.

Göwreliligiň 4-nji aýynda düwünçegiň agramy 130 g, boýy bolsa 12 sm barabardyr.

5-nji  aý (göwreliligiň 17 – 20 hepdesi)

  • Eliň aýasynda we ökjede, her adamda özboluşlylygy bilen tapawutlanýan ýodajyklar (deri suraty) emele gelýär.
  • Çaganyň we onuň ýoldaşynyň agramy deňleşýär.
  • 18-nji hepdede çaga daşky sesleri eşidip, olara hereket bilen jogap berip başlaýar. Bu döwürde çaga bilen gepleşmäge, oňa mähirli sözleri diýmäge, rahat, şirin sazlary eşitdirmäge çalşyň. Siz çaga öz söýgüňizi bildirersiňiz.
  • 19-ny hepdede çaganyň çalt ösmesi peselip, deri asty ýag gatlagy emele gelip başlaýar. Öýkenlerde howa geçiriji turbajyklar – bronhiolalar emele gelip, birnäçe hepdeden olar işlemäge taýyn bolarlar. Çaga ýagtylygy duýup başlaýar.
  • 20-nji hepdede gyzjagazlarda jynshana entäk bolmasa hem, ýatgy doly emele gelip gutarýar.

5-nji aýyň ahyryna çaganyň boýy 16 sm, agramy – 320 grama deňdir.

6-njy  aý (göwreliligiň 21 – 24 hepdesi)

  • Çaganyň nerw ulgamynyň kämilleşýänligi sebäpli, ol indi öz ýan suwlaryny ýuwdup hem bilýär.
  • USB-de diş etlerinde süýt we hemişelik dişleriň suduryny görmek bolýar.
  • Çaganyň kellesinde saçjagazlaryň ösmegi dowam edýär, ýöne olar entek reňksizdir, sebäbi melanin pigmenti biraz giç emele geler.
  • 23-nji hepdede USB-de, çaga ýatanda gözleriniň çalt hereketlenmegini görmek bolýar. Bu beýniniň ösýändiginden habar berýändir.
  • 24-nji hepde – çaganyň ýaşaýşa ukyply döwrüniň başlangyjydyr. Öýkendäki kapillýar damarjyklaryň soňunda haltajyklar emele gelip, olar alweolalardan (dem alýan öýjükleri) ýuka barda bilen araçäklenendir. Öýkende dem alnanda şol kapillýar haltajyklar bitişmez ýaly, üsti örtüji madda-surfaktant emele gelýär.

6-njy aýyň soňunda düwünçegiň boýy 21 sm, agramy – 630 grama deňdir.

7-nji aý (göwreliligiň 25 – 28 hepdesi).

  • Deri asty ýag gatlagy köp emele gelse hem, çagajyk şindiz hem horja görünýändir. Onuň derisi häzir hem gyzylymtyl reňkdedir we gasyn-gasyndyr.
  • Çaganyň dilinde tagam biliş emzijekleri emele gelýär.
  • Çaganyň hemme agzalary işlese hem, ösmegini we kämilleşmegini dowam etdirýärler. Şonuň ýaly-da beýnide ösme ýagdaýy dowam edýär.
  • 28-nji hepde çagajyk gözlerini açýar. Bu döwürde oglanjyklarda ýumurtgajyklar ýumurtga haltasyna düşüp başlaýar.

7-nji aýda çaganyň agramy 1 kg, boýy – 35 sm deňdir.

8-nji  aý (göwreliligiň 29 – 32 hepdesi)

  • Kuwwatlylygyň çeşmesi bolan deriasty ak ýagyň emele gelmegi dowam edýär.
  • Çaganyň immun ulgamy hem işläp başlaýar, ýöne bu döwür goraglylyk öýjükleri (antitelalary) çaga ejesinden hem alýandyr.
  • Diş etindäki dişlerde diş syrçasy emele gelýär.
  • Enesiniň içinde çaga özbaşdak ýaşamaga taýynlyk görýär: ol ýansuwlary ýuwudýar. (öýkeniň göwrümini ulaldar ýaly dem alyş maşky), öz barmajyklaryny ýa-da ýumrujygyny sorýar, şeýdip, sorujylyk refleksi kämilleşýär.
  • Çagajyk biraz "semreýär", deriniň aşagynda indi gan damarlary görünmeýär.

Bu döwürde çaganyň boýy 40-41 sm-e, agramy 1600 gama deňdir.

9-njy  aý (göwreliligiň 33 36 hepdesi)

  • Çaganyň hereketleri has hem köpelýär, gün geçdigiçe onuň suw otagynyň araçäkleri darlyk edip ugraýar.
  • Onuň agramynyň 8 %-ni ak deriasty ýag tutýandyr.
  • Çaganyň öýkeninde surfaktant işläp çykmagy uly depginlerde amala aşyrylýar.

9-njy aýyň soňunda çaganyň boýy takmynan 45 sm, agramy – 2500 g we ondan ýokary bolup biler.

10-njy  aý (göwreliligiň 37 40 hepdesi)

  • Çagada onuň kellesini we bedenjigini örtýän saçjagazlar – lanugo  düşýär.
  • Çaganyň derisini goraýan ýag örtügi azalýar.
  • Çaga bir ýatyş ýagdaýyny eýeläp, şol ýagdaýda hem dogulýar (dyzlary eňeklerine mäkäm gysylan).
  • Ol enesinden daşarky durmuşa taýyndyr.

Doly wagty ýeten çaganyň boýy 51-53 sm,  agramy – 3400-3500 g we ondan hem uly agrama deňdir.

Çaganyň ösüş tapgyrlary tamam bolýar, öňde Size aýgytly we jogapkärli synag – dogrum garaşýar. Diňe şondan soň Siz öz garaşyp ýeten perzendiňizi eliňize alyp, dünýäde iň sylanýan, hormatly, söýgüli Ene diýen ada eýe bolup bilersiňiz.

Hormat bilen, saýtyň ginekolog lukmany.

  • 34966 gezek okalan