Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GAN TOPARY OTRISATEL ÝA POLOŽITEL BOLANDA KYNÇYLYKLAR DÖREÝÄRMI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (8 Ses)

Hormatly okyjy!

Gyzyň gany rezus-otrisatel, oglanyň gany bolsa rezus-položitel bolup, göwredäki çaga hem rezus-položitel gana (atasynyň ganyny alan bolsa) eýe bolan ýagdaýynda, rezus gapma-garşylykly göwrelilik döräp biler.
Çaganyň ganyndaky rezus-faktor, enäniň otrisatel ganyna düşüp, goraýjy immun öýjükleriniň (antitelalaryň) emele gelmegine getirýär. Netije-de, göwreli aýalda rezus-faktor boýunça emeli immunitetiň gazanylmagy bolup geçip, onuň işjeňleşmegi we antitelalaryň ýüze çykyp, derejesiniň ösmegi göwredäki çaganyň ösmegine ýaramaz täsir edip biler.

Rezus gapma-garşylykly göwrelilik düwünçegiň düşmeleriniň, çaganyň wagtyndan öň bolma  ýagdaýlarynyň, çaganyň ýoldaşynyň üýtgemeginiň, göwreliligiň gestozlarynyň döremeginiň, çaganyň gemolitiki keseliniň (çişginlilik, sarylama, gan azlylyk bilen utgaşmaly geçýän görnüşleri) ýüze çykmagynyň sebäbi bolup biler. Çaganyň gemolitiki keseli gan öýjükleriniň (eritrositleriň) dargap, ganda bilirubiniň ýokarlanmagyna we çaganyň bagrynyň, dalagynyň, beýnisiniň zeperlenmegi bilen geçýän, bejergisi uly we çynlakaý çäreleri talap edýän keseldir. Rezus boýunça immunizasiýa ýagdaýy ýüze çykmaz ýaly, rezus-otrisatel ganly aýal rezus-položitel ganyň guýulma ýagdaýlarynda, abort etdirmelerden gaça durmalydyr.  Göwrelilik wagtynda rezus-otrisatel ganly aýallar ganyň antitela barlagyny aýda 1 gezek ( 32 hepdeden soň aýda 2 gezek) geçip, lukmanyň kadaly gözegçiliginde bolmalydyrlar. Görkezme ýüze çykanda, gaýraüzülmeleriň öňüni almak maksady bilen antirezus-immunoglobulin ulanylyp bilner.

Hormat bilen, saýtyň ginekolog lukmany.

  • 6381 gezek okalan