Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ERKEGIŇ IÇGILI ÝAGDAÝDA AÝALA ÝANAŞMAGY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.44 (9 Ses)

Hormatly okyjy!

Alkogol içgileriniň önelgelilik saglygyna bolan ýaramaz täsirleri barada ençeme ylmy işler ýazylyp, habar beriş serişdleriniň, lukmanlaryň bu kynçylyga ünsi çekme synanşyklaryna garamazdan, ýagdaý kän bir üýtgäp baranok.

Alkogol diňe bir önelgelilik ulgamynyň işine ýaramaz täsir etmän, ol tohumlyk düwünçeginiň hem düzümini üýtgedip, dogabitdi kemçilikli çagalaryň dünýä inmeginiň sebäbi bolup biler.

Alymlaryň bellemegine görä, düýpli üýtgemeler birinji nesilde kän bir ýüze çykmasa-da, soňky nesillerde nerw ulgamynda we akyl ýetirme ukybynda (kem akyllylyk, tutgaýlar) kemçilikleriň döremegine sebäp bolup biler.

Alkogol içgileri kadaly kabul edýän erkek adamlaryň seksual işjeňligi hem peselip, jynsy gowşaklygyň döremegine getirip bilýändir. Aýal maşgalanyň alkogolly içgileri kabul etmegi bolsa, çaga düwünçege we onuň soňky ösüşine 2 esse güýçli zarba urýandyr. Şunuň ýaly aýallarda merkezi nerw ulgamynyň bozulmalary, ösüşiň ýetmezçiligi, kelle çanagynyň ýüz böleginiň ýetmezçilikleri, el-aýagyň gurluşynda üýtgemeleriň bolmagy bilen häsiýetlendirilýän düwünçegiň alkogolly alamatlaryny özünde saklaýan çaga dünýä inip biler.

Alkogolyň kemakyl çagalaryň dünýä inmegine getirýändigi babatda toplanan maglumatlar bar.

Meselem, 1880-1890 ýý aralygy Fransiýada kemakyl bolup dünýä inen 1000 çaganyň, 471-niň kakasy arakhor bolsa, 84-sinde ejesi araga ýykgyn edipdir. Olaryň 65-sinde ene-atasynyň ikisi hem aragyň "bendesi" bolan bolsa, diňe 209-nyň ene-atasy bu endikden azat eken. Galan 170 kemakyl çaga barada bolsa maglumat almak başartmandyr.

Şu sebäpli hem alkogol içgilere ýykgyn edýän erkeklere (aýallara hem) geljekki nesil barada pikir etmeklik derwaýys meseledir.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 6628 gezek okalan