Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

SPERMATOZOIDLER ÝUMURTGA ÖÝJÜGINI NÄDIP TAPÝARLAR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.70 (10 Ses)

Hormatly okyjy!

Tohumlanmanyň bolup geçmegi üçin iki jyns öýjügi hem (ýumurtga öýjügi we spermatozoid) öz ýetişenlik derejesine ýetmelidir. Ýumurtgalykdan çykan ýumurtga öýjügi 12 sagadyň dowamynda tohumlanmalydyr. Ýumurtga öýjügiň ýetişmekligi köplenç aýbaşy halkasynyň ortasynda, ýagny geçen aýbaşynyň birinji gününden hasaplanyňda 10-15 günlerde bolup geçýär. 4 gije-gündiziň dowamynda ýumurtga öýjügi ýatgynyň turbasyndan "süýşüp" gelýär. Döl kadada millionlarça spermatozoidi saklasa hem, diňe bir erkeklik öýjügi ýumurtga öýjügine aralaşyp, düwünçegiň emele gelmegine getirýändir.

Ýumurtga öýjüginiň tohumlanmagy ýatgy turbalarynyň ýokarky böleginde bolup geçip, şu ýerde hem ol ösüp başlaýandyr. Tohumlanan öýjük turbalar arkaly ýatgynyň içine düşüp, onuň bir diwaryna berkleşýändir we ondan çaga düwünçegi we soňundan çaganyň ýoldaşy, göbek bagy ýaly möhüm emele gelmeler döreýär.

Tohumlanma ýagdaýy endokrin ulgamyň sazlaşykly işi (gipofiz mäziniň, ýumurtgalyklaryň işläp çykarýan gormonlary) netijesinde amala aşyp, çaga düwünçegi emele gelensoň, beýnide "göwreliligiň ojagy" emele gelýändir.

Mundan beýläk, göwreli aýalyň hemme beden agzalary göwreliligi götermäge ýardam berýän üýtgemelere sezewar bolýandyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 6087 gezek okalan