Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

DOGRUM WAGTYNDAKY ÇAGA ÖLÜMLERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (5 Ses)

Hormatly okyjy!

Dogrudan hem, çaga ölümi enäniň özi, dogan-garyndaşlar üçin aýlyganç waka bolup, ol är-aýal jübüdiniň ruhdan düşmeginiň sebäbi bolýar.

Göwreli aýala boýdan-başa gözegçilik etmezden we onuň lukmançylyk resminamalary bilen tanyş bolmazdan, bolan waka seljerme berme juda kyn bolup durýandyr.

Siziň beýan etmeleriňizden ugur alsaň, ekizjeleriň öli dogulmagyna çaga ýoldaşynyň ýetmezçiligi, ene-çaganyň ýoldaşy-çaga ulgamynda gan aýlanşygynyň bozulmagy ýa-da käbir ýokançlyklaryň täsiri sebäp boldumyka diýlen netijä gelýärsiň.

Dogrum wagty we dogrumdan soňky çaga ölümçiliginiň esasy sebäpleri enäniň saglygy bilen bagly kynçylyklar (ýürek, böwrek keselleri, bejerilmedik ýokançlyklar we başgalar);

Wagtyndan öň bolma ýagdaýlary, çaga ýoldaşynyň ýetmezçiligi, şol we başga sebäpler netijesinde göwredäki çaga dowamly kislorod ýetmezçiligi, çaganyň doga kemçilikleri, doglan çagalaryň dem alma bilen bagly kynçylyklary degişlidir.

Aýala göwrelilige taýynlanma maksady bilen sagaldyş çäreleri geçirme, dogrumdan öňki gözegçilik we bejeriş çäreleriň hilini, dogrum öýlerde enelere we çagalara berilýän ýöriteleşdirilen kömegiň hilini ýokarlandyrmak, material-tehniki serişdeleri bilen üpjünçiligi has hem ýokarlandyrmak çaga ölümçiligini gitdigiçe peseltmäge ýardam berip biler.

Soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamynda bu ugurda köp özgerdiş işleri geçirildi.

Siziň garyndaşyňyza bolsa, ara biraz wagt salyp, degişli barlaglardan geçmegini maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň ginekolog lukmany.

  • 4594 gezek okalan