Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

NÄSAG ÝÜREK BILEN ÇAGA DOGURMAK BOLÝARMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (3 Ses)

Hormatly okyjy!

Dürli sebäplere görä ýüze çykýan miokarditler göwrelilikde seýrek duş gelýär. Eger göwreli aýalda öň ýokanç kesellerden soň dörän miokardit bar bolsa, göwrelilik döwründe ol ekstrasistoliýanyň (ýürek ýygrylmalarynyň bozulmagy) ýüze çykmagyna sebäp bolup biler. Göwreliligiň geçişi miokarditleriň sebäbine we geçiren gaýraüzülmelerine  bagly bolup, ýürek gabsasynyň  kemçilikleri bilen utgaşmadyk miokarditler seýrek halatlarda ýüregiň ýetmezçiligine getirýärler. Ýokanç keseller sebäpli döreýän miokarditler wagtyndan öň dogma howpyuny döredip bilerler. Miokardit ýüregiň urşunyň bozulmalary (aritmiýalar) bilen gaýraüzülende damarlarda gan lagtalarynyň ýüze çykyp, damarlary dykma howpuny döredip bilerler. Agyr gaýraüzülmeler bilen geçýän miokarditler göwreliligiň 12 hepdesinden kiçi möhletde emeli abort  geçirme, uly möhletlerde bolsa kesarewo kesimi (kiçi ýa-da wagtyndan öň) geçirmek üçin görkezme bolup bilerler.

Stenokardiýa, gan aýlanyşygynyň wagtlaýyn bozulmalary sebäpli gursakda gysgawagtlaýyn döreýän ýygrylma, ýanma, basylma duýgularynyň döreme ýagdaýy bolup, ol ýüregiň işemiýa (gan aýlanyşygynyň ýetmezçiligi) keseliniň görnüşidir. Stenokardiýa esasan 45-50 ýaşdan uly erkek adamlarda duş gelip, aýbaşydan galma döwrüne çenli aýallar (estrogen gormonynyň täsiri) beýle üýtgemelere durnukly bolýarlar.

Göwrelilik döwründe umumy ganyň mukdarynyň köpelmegi, ýüregiň kisloroda bolan  mätäçliginiň artmagy stenokardiýanyň alamatlarynyň ýaýbaňlanmagyna getirip biler. Stenokardiýanyň II, III, IV  funksional klaslarynyň alamatlarynda göwreliligi saklama baradaky soraga seredilmelidir. Miokarditli we stenokardiýaly göwreli aýallar akuşer-ginekologyň we kardiolog lukmanlarynyň berk gözegçiliginde saklanyp, göwreliligiň belli möhletlerinde öňüni alyş keselhana bejergisi geçirilmelidir.

Hormat  bilen, saýtyň ginekolog lukmany.

  • 2300 gezek okalan

Teswirler (0)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location