Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

AŞ SAÝLAMA KYNÇYLYKLARY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.43 (7 Ses)

Hormatly okyjy!

Aş saýlama alamatlary ýüze çykanda ýagsyz, gaty gyzgyn bolmadyk naharlary ýygy-ýygydan iýmek (günde 5-6 gezege çenli), suwuklyklary bolsa nahar kabul etmeleriň arasynda içmek maslahat berilýändir. Aş saýlama alamatlary güýçli derejede ýüze çykyp, beden suwsuzlanmasy ýagdaýy dörände, serukal, doprokin, toksikoz-stop ýaly serişdeleri ulanma we bedene damja görnüşde erginleri (dekstroza, duz saklaýjy erginleri) göýberme zerurlygy döreýändir. Orta we agyr derejeli aş saýlama keselhanada bejerilýär. Sag böwregiň agyrmasy bar bolan böwrek keseliniň beterleşmegi ýa-da güýçli aş saýlamanyň gaýraüzülmesi höküminde döräp biler. Zerur barlaglary (peşewiň we ganyň umumy barlagy, peşewiň asetona barlagy, böwregiň, bagryň USB-ny we baş.) geçip, bejergini almak üçin degişli Saglyk öýüňiziň aýal lukmanyna haýal etmän ýüz tutmak zerurdyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 5735 gezek okalan