Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

USB-gy ARKALY ÇAGANYŇ JYNSYNY ANYKLAMAK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (3 Ses)

Hormatly okyjy!

Göwreliligiň 13-16-njy hepdesinden son (jyns agzalary 9-12 hepde aralygy emele gelýär) çaganyň jynsyny kesgitlemek mümkindir. Ultrases barlagynda çaganyň daşky jyns agzalarynyň görülmegi netijesinde onuň jynsy kesgitlenýär. Göwredäki çaganyň jynsy güberçeginiň uzynlygy we gyşarmagy (oglanjyklarda 300-dan ýokary) esasynda, bu möhlet aralygynda çaganyň jynsy barada belli bir maglumat berip bolar. Ýöne kesgitlemeleriň dogrulygynyň lukmanyň tejribesine, ulanylýan ultrases enjamyň hiline we barlag wagty çaga düwünçeginiň ýatyş hem-de umumy (meselem, jyns agzalaryň çişginliligi) ýagdaýyna baglydygyny hem bellemek zerurdyr. Lukmanlaryň bellemegine görä, çaganyň jynsyny kesgitlemek üçin onuň hereketleriniň işjeňleşýän, göwreliligiň 20-22 hepde aralygy has oňaýlydyr. Jynsy kesgitlemekde 3D ultrases enjamlaryň takyklygy bilen tapawutlanýandyklaryny hem bellemelidir.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 2843 gezek okalan

Teswirler (3)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. Myrat

Salam Lukman Biz Caganyn jynsyny bilmek ucin usb-gy arkaly barlatdyk.Netijede bolsa Gyzjagaz diydiler.Şol %100 dogry cykyarmy?6ay göwreli

 
  1. Lukman

Hemra!<br /> Ýylan çakmalarda berilmeli ilkinji kömegiň aýratynlyklary we bu barada doly maglumaty, saýtymyzda ýerleşdirilen "Ýylan çakmalarda berilýän ilkinji kömek" atly makaladan okap bilersiňiň.

 
  1. hemra

Salam. Meniñ bir soragym bar. Eger jigi-dogan ikisi(ikisi hem oglan bolsa) tomus wagtlary bolsa, şortikde aýlanyp ýören wagtlary biriniñ jyns organyndan ýylan çaksa şol oglana nädip ilkinji kömek bermeli başga ýerlerinden çaksa gany sorup...

Salam. Meniñ bir soragym bar. Eger jigi-dogan ikisi(ikisi hem oglan bolsa) tomus wagtlary bolsa, şortikde aýlanyp ýören wagtlary biriniñ jyns organyndan ýylan çaksa şol oglana nädip ilkinji kömek bermeli başga ýerlerinden çaksa gany sorup çykarmaly bu ýagdaýda näme kömek berip bolar? Jagabyñyza öñünden minnetdarlyk bildirýän.

Dowamy
 

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location