Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

ÇAGA GALMAGY ÜÇIN AMATLY GÜNLER

• Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.14 (36 Ses)

Hormatly okyjy!

Çaga galmagynyň amatly günlerini kesgitlemek üçin aýalyň aýbaşy halkasynyň dowamlylygyny bilmek möhümdir. Gelen aýbaşynyň birinji gününden indiki, garaşylýan aýbaşynyň birinji gününe çenli aralyk – bir aýbaşy halkasynyň dowamlylygyny düzýändir. Ol aralyk 21-35 güne barabar bolup biler. Barlaglaryň görkezişi ýaly, aýallaryň aýbaşy halkalarynyň aglabasy 27-28 güne deň bolup durýandyr.

Ýatgyda bir aýbaşy halkasynyň dowamynda bolup geçýän fiziologiki üýtgemeleriň bolup geçişini beýan etmän gysgaça aýdanymyzda, aýbaşy halkasynyň ortasy aýallyk öýjükleriniň emele gelip, göwreliligiň galmagy üçin oňaýly wagt bolup durýandyr. Emele gelen jyns aýal öýjüginiň 3 gije-gündiz ýaşaýanyny göz öňüne tutup, dowamlylygy 28 güne deň (halkanyň ortasy 13-14-nji gün) aýbaşy halkasy bolan aýallarda 12-nji günden 17-nji (aýbaşynyň birinji gününden sanamaly) günler aralygynyň göwreliligiň galmagy üçin amatly wagt bolup durýanyny bellemelidir. Aýbaşy halkasy 25 güne deň (ortasy 11-12-nji günler) aýallar üçin bolsa, 9-njy günden 15-nji günler aralygynyň amatly bolup durýandygyny aýtmalydyr.

Endokrin bozulmalary netijesinde aýallyk öýjükleriniň özwagtynda emele gelmegi üýtgäp, olaryň giç ýa-da asla emele gelmezligi hem mümkindir. Bu ýagdaýlar ginekolog we endokrinolog lukmanyň barlagyny we bejergisini talap edýändir. Häzirki wagtda ultrases barlagynyň kömegi bilen aýallyk jyns öýjükleriniň emele gelşini we olaryň ösüşini kesgitleýän follikulometriýa barlagy geçirilýändir.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

• 11455 gezek okalan

Teswirler (11)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
1. wepa

Gowy maglumatlar bar sag boluñ

1. Myrat

kowus@mail.ru

1. s.beater

Gowreliligin 1ayynda aybashy galyarmy? Ya dowam edyarmi
Salam lukman

1. s.beater

Gowreli wagtyn bil grlyarmi

1. nazli

Bagyshlang.sizing belleyshiniz yaly mening aybashy gunuming 12 nji gununde gatnashykdan song aybasy gormedim. Sho gunden bari 36 njy gun. Men gowrelimikam. Lukman. Kyn gormeseniz soragyma jogap beraying. Kadaly aybashy gunum 28 29 gun

1. Lale

Lukman aga size yenil bolmadyk isinizde ustunlik arzuw etya men suragma jogap berayinda hais

1. Lale

Salam lukman size uly bolmadyk soragym bar yamen iki ay bari icimin asagynda sag tarapda yenil agyry duyyan basgada iki uc ay bari aybasymvagtly vagtynda gelsede az gelya iki gunden kope gidenok yone su ay aybasy gelmeli guninden on gyzylymtyl...

Salam lukman size uly bolmadyk soragym bar yamen iki ay bari icimin asagynda sag tarapda yenil agyry duyyan basgada iki uc ay bari aybasymvagtly vagtynda gelsede az gelya iki gunden kope gidenok yone su ay aybasy gelmeli guninden on gyzylymtyl vidilenya gornip durdy gan gatysykly uc gunlap son ayryldy iki gun gecenson aybasym geli birinji gun birsagadyn dowamynda azajyk gorindi son opsi gelmedi ertesi yene seytdide kesildi bu nameden bolup biler aybasym name sebapden az gelyaka on beyle zat hic bolmandy 7gun doly gelyati lukman munkin bolsa dusundiran bu nahili yagdaylarda bolup biler

Dowamy

1. Lukman

Toýly!
Aýbaşy halkasynyň 20-nji gününde, eger aýalyň aýbaşy halkasy dowamly bolsa we dürli sebäplere görä aýallyk öýjükleri giç dörän bolsa, göwrelilik galyp biler.Bu soraga anyk jogap bermek üçin aýalyň aýbaşy halkasynyň dowamlylygyny...

Toýly!
Aýbaşy halkasynyň 20-nji gününde, eger aýalyň aýbaşy halkasy dowamly bolsa we dürli sebäplere görä aýallyk öýjükleri giç dörän bolsa, göwrelilik galyp biler.Bu soraga anyk jogap bermek üçin aýalyň aýbaşy halkasynyň dowamlylygyny bilmeli (meselem, 26 gündenmi ýa-da 30 günden aýbaşy gelýärmi).

Dowamy

1. toyly

caga galmak un ayalyn ay bashy gununun 1 nji gununden hasaplanda 20 gunden sonom caga galyp bilyami

1. Lukman

Alişir!
Bütün gyzlyk perde bolanda göwreliligiň galyp bilmegi üçin mümkinçilik ýok hem bolsa, lukmançylyk edebiýatynda bütün gyzlyk perdeli hem göwrelilikleriň bolany we perdäni dogrum wagty dilip aýrandyklary barada maglumatlar duş...

Alişir!
Bütün gyzlyk perde bolanda göwreliligiň galyp bilmegi üçin mümkinçilik ýok hem bolsa, lukmançylyk edebiýatynda bütün gyzlyk perdeli hem göwrelilikleriň bolany we perdäni dogrum wagty dilip aýrandyklary barada maglumatlar duş gelýär.Şeýle ýagdaýlaryň döremegi diňe süýnýän hem-de elastiki gyzlyk perdelerde,erkeklik tohumlygynyň jynshana düşmegi bilen düşündirilip bilner.Bu ýerde erkeklik öýjükleriniň hereketjeňliginiň we hiliniň ýagdaýy hem az täsirini ýetirenok.Beýle ýagdaýlaryň örän ýygy bolmasa hem, aslynda duş gelýändiginden güwä geçýän maglumatlar bar.

Dowamy

Köpräk teswir ýükle

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location