Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

IÇIŇ GATAMAGY WE GÖWRELILIK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.56 (18 Ses)

Hormatly okyjy!

Göwrelilik döwründe progesteron gormonynyň gowşadyjy häsiýeti netijesinde aşgazanyň we içegeleriň işjeňligi peselip, içiň gatamagyna getirip biler. Şeýle-de, bu döwürde akuşer-ginekolog lukmanlary tarapyndan maslahat berilýän demriň we kalsiý mineralynyň gerdejikleri hem içiň gatamagynyň sebäbi bolup bilýändir.

Içiň gatamagynyň öňüni almak çäreleriniň esasy – kabul edilýän önümlere üns bermekdir. Ösümlik süýümlerini saklaýan ir-iýmişleri we gök ömünleri, gara çöregi, guradylan garalyny we erigi, gatygy iýmitiňize goşma gowy netijeleri berip bilýändir. Eger lukman tarapdan hiç hili gadaganlyklar bolmasa, beden işjeňligiňize, hereketiňize hem üns bermek içegeleriň ýygrylmalaryny tijendirmäge ýardam berip bilerler.

Göwrelilik döwründe içiň gatamagyna garşy ulanylýan dermanlaryň toparyna üns berip, olaryň ýaramaz täsirliliginden habarly bolmalydyr. Meselem, senna ösümliginden ýasalan dermanlar (senade, senadeksin) çaga düwünçeginde dogabitdi bozulmalary döredip bilýän bolsa, bisakodil ýaly dermanlar myşsalaryň ýygrylmagyna getirip, göwreliligiň düşme howpuny ýüze çykaryp bilýändir. Edil şu täsirliligi sebäpli iç sürýän ýagy ulanma we içegeleri ýuwma (klizma) çäresini geçirme düýbünden bolýan däldir.

Häzirki wagtda göwrelilere içiň gatamagynyň çäresi höküminde, içegeleriň içindäki osmatiki basyşy ýokarlandyryp, içegeleriň hereketjeňligini tijendirýän serişdeleri (Dufalak, Glutalak, Tranzipeg) maslahat berip bolar. Bu serişdeleriň çaga we ýatgynyň myşsasyna hiç hili ýaramaz täsirliligi bolman, olar bedende mineral çalşygynyň deňagramlylygyny saklamaga kömek edýär.

Derman serişdeleri ulanmazdan öň, öz lukmanyňyzyň barlagyny geçip, dermany öndürijileriň gollanmasy bilen tanyşmaklygy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 4752 gezek okalan