Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

IRDEN DÖREÝÄN EREKSIÝA ZYÝANLYMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.12 (17 Ses)

Hormatly okyjy!

Irdenlerine öz-özünden döreýän ereksiýa (ujydyň gönelmegi) – bedende bolýan kadaly fiziologiki hadysadyr. Bu hadysa jynsy gowşaklykdan kösenmeýän erkek adamlaryň hemmesine mahsusdyr.

Özbaşdak döreýän ereksiýa dine irdenlerine bolman, eýsem uky wagty, bir gijede 3-5 gezege çenli bolup biler. Beýle ereksiýa gije beýniniň işjeňliginiň ýokarlanyp, düýş görülýän döwründe döreýär. Ýöne onuň döremegi görülýän düýşleriň mazmunyna bagly däldir. Hiç hili erotiki mazmunly düýşler görülmese hem ereksiýa ýüze çykyp biler. Adatça ol 20-30 sek, ýöne käwagtlar 2 sagatdan hem köp dowam edip bilýär. Özbaşdak döreýän ereksiýa dune uly erkek adamlarda bolman, oglanjyklarda hem ýüze çykyp biler.

Irdenki ereksiýa peşew haltanyň dolmagy we oňurganyň ereksiýa gözegçilik ediji nerw süýümleriniň gyjyndyrylmagy netijesinde hem döräp biler.

Lukmanlar irden döreýän ereksiýanyň görkezijilerini jynsy gowşaklygyň häsiýetini kesgitlemek üçin ulanýarlar. Onuň üçin ujyda ýuka kagyzdan edilen halkajygy geýdirýärler. Eger 2-3 gije kagyz halkajyk ýyrtylman galsa, onda erkek adamda bu ugurda kynçylygyň dörändigini aňladyp, ýörite serişdeler bilen bejergini geçirme talaby döreýär.

Şonuň ýaly-da, ereksiýa kynçylyksyz gündiz bolup, gije bolmasa, ol hem psihiki kynçylyklaryň bardygyndan habar berýär.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 6258 gezek okalan