Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
DÜŞNÜKSIZ ÝAGDAÝ
Hormatly okyjy!
Lukmanlaryň bellemegine görä, 40 ýaşa çenli erkek adamlarda jynsy gatnaşyklardan dowamly saklanmalaryň netijesinde dölde ujypsyz mukdarda ganyň bolmalary kada hasaplanýar. Eger bu ýagdaý ýygy gaýtalanyp, başga alamatlar (gasykda agyry, agyryly peşew etmeler, beden gyzgynynyň ýokarlanmagy) bilen utgaşanda, onda sebäpleri anyklama talaby döreýändir.
Peşew-çykaryş ýollaryň, ýumurtgajyklaryň, tohum haltajygynyň, erkeklik jyns mäziniň alawlama keselleri, jyns gatnaşygy arkaly geçýän ýokançlyklar, jyns agzalaryň täze döremeleri, şikeslenmeler ganly dölüň bolmagynyň sebäbi bolup biler.
Megerem, peşew çykaryş ýolunda galan peşew daşjagaz süýşüp we gan damarlaryny şikeslendirip, dole ganyň düşmeginiň sebäbi bolandyr.
Saglyk ýagdaýyňyz babatda şübhelenmeler bolmaz ýaly urolog lukmanyna çekinmän ýüz tutmaklygy maslahat berýärin.
Hormat bilen, saýtyň lukmany.
- 4532 gezek okalan