Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

NÄME ÜÇIN SAKGAL ÖSÝÄR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.20 (10 Ses)

Hormatly okyjy!

Ýüzüňizdäki tüýler oglanlarda 14-15 ýaşa gabat gelýän ikilenji jynsy alamatyň biri bolup durýar. Şol döwür hemme oglanlar sakgalyň nädip we näme üçin ösýäni barada gyzyklanyp başlaýarlar. Ýüzüňizdäki tüýler ýüzüň derisini daşky gurşawyň ýaramaz täsirlerinden, sowuk howadan goraýar. Lukmançylyk nukdaý nazaryndan, sakgalyň emele gelmegi we ösüp başlamagy göniden-göni erkeklik gormony testosterony bölüp çykarýan mäzleriň işjeňliginiň 14-15 ýaşda has artýandygyna bagly. Bu gormonlar oglanjyklary ýetişen ýigitlere öwrüp başlaýar. Bu döwürde diňe ýüzüňdäki tüýler däl, eýsem tutuş bedendäki tüýler ösüp başlaýar. Şundan daşary tüýleriň ösmegini adrenalin gormony hem güýçlendirýär. Adrenalin bedendäki ähli hadysalary çaltlaşdyrmaga ukyby bar. Haçanda sakgalyň ösüşinde näsazlyk duýsaňyz, Siz endokrinolog we dermatolog lukmana ýüz tutup bilersiňiz.

Sakgalyň ösüş tizligi her adamda üýtgeşikdir. Şonuň üçin Size sakgalyňyz durmuşda päsgel bermejek bolsa onda syrmasaňyzam bolýar. Ýöne syranyňyz bilen hem hiç hilli zyýan ýetirmersiňiz. Siz eýýäm 17 ýaşyňyzda. Käbir oglanlar 12-14 ýaşdan murtlaryny we sakgallaryny syrýarlar. Bu ýagdaýa hem ýokarda aýdyp geçilen gormonlar we genetiki nesil yzarlaýjylyk sebäp bolup durýar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 4164 gezek okalan