Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

DÖLDE GANYŇ GÖRÜNMEGI HOWPLUMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.74 (19 Ses)

Hormatly okyjy!

Köp halatlarda 40 ýaşdan kiçi ýaşly erkek adamlaryň dölünde ganyň tötänleýin görünmegi geçýän hadysa bolup, keselleriň alamaty hasaplanmaýar. Eger 40 ýaşdan kiçi erkek adamlarda 10 döli zyňmadan (eýakulýasiýa) az bolmadyk halatlarda dölüň ganly bolmagy duş gelse, onda lukmanyň barlagy wajypdyr.

Gan saklaýan dölüň gelmegi erkeklik jyns ulgamynyň dürli kesellerinde duş gelip biler: dowamly prostatit, erkeklik jyns mäziniň kistasy ýa-da täze döremeleri, peşew bölüp çykaryş ýollarynyň kondilomasy ýa-da daralmagy, peşew haltanyň täze döremeleri, erkeklik jyns agzalarynyň wenalarynyň giňelmegi we başgalar.

Dölde ganyň görünmeginiň sebäbini anyklamak üçin size urolog lukmanyna ýüz tutmak netijeli bolar.

Ýene bir göz öňüne tutmaly zat: aýal jyns agzalaryndan ganyň gelmegi hem jynsy gatnaşykdan soň döle ganyň düşmegine sebäp bolup biler. "Kondom synagynyň" kömegi bilen ganyň gelip çykyşyny bilip bolar. Prezerwatiwa ýygnalan dölde gany görüp baha berip bolýar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 7218 gezek okalan