Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

WIAGRANYŇ TÄSIRI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.59 (27 Ses)

Hormatly okyjy!

Wiagra, sinegra, sinagra, kalagra derman serişdeleriniň hemmesiniň düzümini sildenafil işjeň maddasy düzüp, ol ujydyň gowak görnüşli bedeniniň myşsalaryny gowşadyp, olara ganyň gelmesini güýçlendirýändir. Netijede, ujydyň gönelmegi (ereksiýa) bolup geçýändir.

Şeýle täsirli derman serişdeleri meýilleşdirilen jynsy gatnaşyklardan 1 sagat öň kabul edilýändir. Ulular üçin bir gije-gündizde kabul edilmeli dermanyň mukdary 50 mg. barabardyr.  Dermana bolan duýgurlylyga baglylykda, dermanyň mukdary 25mg. çenli azaldylyp ýa-da 100 mg. (100 mg. – bir gezek kabul edilip bilinjek mukdar) çenli ýokarlandyrylyp bilner.  

Bu topara degişli derman serişdeleriniň ýaramaz täsirleri aşakdaky alamatlar  bilen ýüze çykyp bilýändir: baş aýlanmalar, endamyň gyzmagy, kelagyrylar, ýürek bulanma, içgeçme, deride örgünleriň döremegi, burnuň dykylmagy, erkeklik jyns mäziniň işiniň bozulmagy.

Şeýle hem aşakdaky ýagdaýlarda bu derman serişdeleri ulanmak bolýan däldir:

► gan akmalara bolan ýykgynlylyk;

► aşgazanyň baş keseliniň ýitileşmegi;

► bagryň işiniň bozulmalary, sirroz;

► ýürek-gan damar ulgamynyň keselleri – gan basyşyň ýokarlanmagy, stenokardiýa, ýürek ýetmezçiligi;

► ujydyň anatomiki bozulmalary (Peýronyň keseli, kawernoz fibrozy).

Şeýle täsirli derman serişdeleri aýallara we çagalara bellenilmeýär. Geçirlen barlaglar, bu serişdeleriň  bir gezek kabul edilende erkeklik öýjükleriniň hiline we mukdaryna täsir etmändigini görkezdi.

Eger erkek adam ýüregiň infarkt keselini geçiren bolsa, soňky 6 aý bu dermany kabul etmek bolmaýar. Şeýle hem, seksual işjeňligini geçirmäge garşy görkezmeleri bolan erkeklere bu dermany ulanmak bolmaýar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 2663 gezek okalan

Teswirler (10)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. Hemra

Салам.. суйжилик Сахыр дибетик кеселден ежер чекйян 33 яшымда шумада суйжи зат ийемок хич хили. Йоне палов манты хамырлы зады ийянде. Дерманданам ГЛИЗИМ. иййян. Онсанам догтар сахыр жынс гатнашыгыны олдирип билями??? Она гаршы наме этмели боля???...

Салам.. суйжилик Сахыр дибетик кеселден ежер чекйян 33 яшымда шумада суйжи зат ийемок хич хили. Йоне палов манты хамырлы зады ийянде. Дерманданам ГЛИЗИМ. иййян. Онсанам догтар сахыр жынс гатнашыгыны олдирип билями??? Она гаршы наме этмели боля??? Гинишлейин маглумат берайинде хайышт сизден

Dowamy
 
  1. Hemra

Sahyra peydasy zyyany bolyamy jyns

 
  1. annA

kofe. içsen name zyyany name peydasy bar lukman!?

 
  1. Lukman

Rüstem! Bu üýtgeme kömelekli ýokançlyklaryň täsiri bilen hem ýüze çykyp biler. "Žilet" ideg ediş serişdesi bolsa allergiki täsirliligi döredip biler. Barlagdan soň, anyk sebäbini kesgitlemek üçin androlog ýa-da dermatolog lukmanyna ýüz tutmak...

Rüstem! Bu üýtgeme kömelekli ýokançlyklaryň täsiri bilen hem ýüze çykyp biler. "Žilet" ideg ediş serişdesi bolsa allergiki täsirliligi döredip biler. Barlagdan soň, anyk sebäbini kesgitlemek üçin androlog ýa-da dermatolog lukmanyna ýüz tutmak peýdaly bolardy.

Dowamy
 
  1. Rustem

Salam lukman!Lukman mende gasyk bilen jynsy organymyñ birleşýän ýerinden ala reñk bolup guraýa we eliñi degirseñ gijelewük başlaýar.Bu keseliñ ady namekä we em edip bilerin? Bu kesel žiletden bolup bilermi?

 
  1. Arslan

Salam Lukman! <br />"Сахарный" Ýalñyşmasam Tùrkmençe sùýji keseline garşy Nähilek Göreşmeli? Nämeler Ìýeniñde peselýär ýada dùýbùnden aýyrybam bolýarmy?

 
  1. Arslan

Saglyk Sebäpli

 
  1. Myrat

Salam dogtar. Bizde sheyle yagday bolya 2/3 gun yzly yzyna. Men islap heleymin yanyna baryan vashlanazdan on polny sowashyp turmaya hich hili islamok. Nameden bolup bilerka. Biz taze durmush gurduk yany bir 2hepde bile bolan bolsak bary yogy...

Salam dogtar. Bizde sheyle yagday bolya 2/3 gun yzly yzyna. Men islap heleymin yanyna baryan vashlanazdan on polny sowashyp turmaya hich hili islamok. Nameden bolup bilerka. Biz taze durmush gurduk yany bir 2hepde bile bolan bolsak bary yogy 10gezek bile bolluk. Nameden beyle bolyaka men dushunemok hayysh komek edayin biz 22yashda garrama dal...

Dowamy
 
  1. Serdar

Salam Lukmanlar men Asgabatda barlagdan gecemde iki taraplayyn gaymorit kistasy bar diyip bellediler. Indi olary operasiya etdirjek bolyan. Solar barada maslahat berseniz!

 
  1. Mekan

Ogo men soran zadymy tema edip açayypdyrlarrr hehheyyyy sps lukman !!!

 

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location