Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

NARPYZLY SAKGYÇ ERKEKLERE ZYÝANLYMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (6 Ses)

Hormatly okyjy!

Dogrudan hem, narpyzyň jynsy gowşaklyga getirjekdigine ynanyp, erkek adamlar narpyzly sakgyçlardan, çaý demlemelerden, mentolly çilimlerden gaça durýarlar.

Ýörite barlag geçiren alymlar narpyzda jynsy gowşaklyga getirjek maddalary ýüze çykarmadylar. Ýöne hakykata gabat gelýän käbir faktlary bellemeli bolýar.

Narpyz bütün bedene rahatlandyryjy täsir edip, ruhy hem-de fiziki işjeňligi peseldip biler. Narpyzyň käbir görnüşleriniň güýçli rahatlandyryjy häsiýetiniň bardygyny hem bellemelidir. Bu ýerde öz-özüňi ynandyrma hem uly täsirini ýetirip biler, ýagny erkek adam içilen narpyzly çaýdan soň, öz erkeklik güýjüniň peseljekdigine garaşyp, onuň ýaly netijäni alyp biler. Şeýlelikde, yzygider ulanylýan tebigy narpyz, belki-de, jynsy gowşaklyga getirip biler. Ýöne dürli garyndylardan ýasalan sakgyç bedene beýle täsir edip bilmeýär.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 6040 gezek okalan