Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

JYNSY AGZALARYŇ SOWUKLAMASY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.21 (19 Ses)

Hormatly okyjy!

Erkeklik jyns agzalarynyň sowuklama keselleri (prostatit, orhit, epididimit we başgalar), elbetde erkeklik jyns öýjükleriniň (spermatozoidleriň) hil we mukdar taýdan üýtgemegine getirip, olaryň mukdarynyň azalmagynyň, okgunly hereketiniň peselmeginiň, gurluşynyň üýtgemeginiň, ýaşaýyş möhletiniň gysgalmagynyň sebäbi bolup biler. Bu bozulmalar bolsa erkeklik önelgesizligine getirip biler. Jyns agzalarynyň sowuklama ýagdaýlaryna güman edilende urolog, androlog lukmanlara ýüz tutup barlagdan geçme Sizi geljekki kynçylyklardan halas edip biler.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 10379 gezek okalan