Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

SEKSUALLYK KYNÇYLYGY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (17 Ses)

Hormatly okyjy!

Siz näçe ýaşyňyzda? Siz jynsy gatnaşyklary kadaly alyp barýarsyňyzmy? Dölüň gelmegi (eýakulýasiýa) ereksiýadan soň bolup geçýärmi ýa-da özbaşdak hem bolýarmy? Şu soraglary anyklamak anyk jogap bermäge mümkinçilik dörederdi.

Gijelerine eýakulýasiýanyň bolmagy köplenç erotiki düýşleri bilen bagly bolup, (hemişe däl) bu ýagdaý ýetginjeklere, kadaly jynsy gatnaşyklary alyp barmaýan ýaş erkek adamlara mahsusdyr. Bu ýagdaýy lukmançylykda "pollýusiýa" diýip atlandyrýarlar. Ondan başga-da, erkek adamlarda irden, ukudan oýanmazdan öň hem ereksiýa ýagdaýy döräp biler. Bu erotiki düýşler bilen ýa-da peşew haltanyň dolmagy bilen bagly bolup bilýändir. Eger Sizde ereksiýa bir gijäniň dowamynda yzly-yzyna, köpsanly bolýan bolsa, dölüň gelmegi ereksiýasyz bolup geçýän bolsa, onda sebäbini anyklamak üçin seksopatolog lukmanynyň maslahaty zerur bolup biler.

Hormat bilen, Lukman.

  • 7505 gezek okalan