Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

KEÇIBOÝNUZ DIÝEN ÖSÜMLIK TÜRKMENISTANDA ÖSÝÄRMI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.71 (7 Ses)

Hormatly okyjy!

Sizi gyzyklandyrýan keçiboýuz ösümliginiň Türkmenistanda ösýänligi barada maglumat ýok. Türkmenistanda ösýän  jerebaý oty, ženşen ösümliginiň köki, itburnyň miweleri döli hil taýdan kadalaşdyryp, erkeklik öýjükleriniň ýeterlik mukdarynyň işläp çykmagyny gazanmaga kömek edip bilerler. Lukmançylyk edebiýatynda, bu maksat üçin bal arylarynyň işläp çykarýan dürli önümleriniň (rusça: маточное молочко, arybalynyň mumy (rusça: соты, пчелиный хлеб)  we ary zäheriniň peýdalylygy barada maglumat bardyr. Ondan başga-da, ösümlikden taýynlanan (Tribulus terestis oty) Tribestan derman serişdesi hem ýumurtgajygyň işini tijendirmekde peýdaly netijeleri berýär.

Bu maksat üçin  bedene dürli taraplaýyn täsir edýän sülükler (piýawki) bilen hem bejergi geçirýärler.

Dölüň düzüminiň beloga baýlygyny göz öňüne tutup, beloga baý önümleri (et, balyk, deňiz onümleri) kabul etmek hem maslahat berlip bilner. Şeýle-de, bedeni belok we peýdaly aminoturşulyklar bilen baýlaşdyrmak üçin sport dükanlarynda satylýan belokly içgileri kabul (belli bir mukdarda) etmek hem peýdaly bolup bilýändir. Bejergide witamin we mineral (esasan hem sink we selen) serişdeleri hem yatdan çykarmaly däldir.

Ýokarda bellenen serişdeleri esasy bejergä goşmaça täsirler hökmüinde, lukmanyň maslahatyndan soň kabul etmek dogry bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 4616 gezek okalan