Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÇALT GEÇÝÄN JYNSY GATNAŞYK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.06 (51 Ses)

Hormatly okyjy!

Jynsy gatnaşygy onuň geçiş ýygylygyny köpeldip ýa-da  ünsüňi döli dökmede däl-de, başga pikirlerde jemleme, prezerwatiw geýme ýaly çäreleriň kömegi bilen uzaldyp bolar. Bu ýagdaýlaryň siz üçin oňaýsyz bolan halatlarynda, derman senagaty ujyda ganyň köp mukdarynyň inip saklanmagyny üpjün edýän serişdeleriň köpdürli görnüşlerini hödürleýär. Biziň dermanhanalarymyzda  bu meseläni çözmek üçin wiagra, siagra, sialis, lewitra, danoksetin serişdeleri satylýandyr. Bu dermanlaryň 1 gerdejigini garaşylýan jynsy gatnaşykdan 1-2 sagat öň kabul etmek maslahat berilýändir. Dermany öndürijiler serişdeleri aýda 4-5 gezekden ýygy ulanmakdan saklanmalydygyny ündeýärler. Bu serişdeler diňe bar bolan oňaýsyzlygy aradan aýryp, onuň bolup biljek sebäbine täsir edip bilmeýärler. Çynlakaý ýagdaýlarda doly barlag çärelerini geçmek üçin androlog lukmanyna ýüz tutmak ýerlikli bolýar. Şu mesele babatda peýdaly maglumaty almak üçin saýtymyzda ýerleşdirilen "Jynsy gatnaşyklary "ajadýan" ýene bir sebäp" atly makala bilen tanyşmagyňyzy  maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 22233 gezek okalan