Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

WARIKOSELE: SEBÄPLERI, ALAMATLARY WE BEJERIŞ USULLARYŇ AÝRATYNLYKLARY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.47 (34 Ses)

<<<>>>

Jemgyýetde saklanyp galan pikire görä, är-aýal önelgesizliginiň esasy günäkäri höküminde aýal maşgalany belläp, erkek adamda ýüze çykyp biljek oňa sebäpkär ýagdaýlar ünsden düşürilýändir. Erkeklik önelgesizliginiň esasynda üç sany kynçylyk ýatýandyr: erkeklik jyns öýjükleriň (spermatozoidleriň) hil taýdan üýtgemegi we mukdarynyň peselmegi, olaryň tohum çykaryjy ýollarda hereketjeňliginiň we daşyna çykarylmagynyň bozulmagydyr. Şeýle kynçylyklar birnäçe sebäplere görä döräp bilse-de, köplenç ýagdaýlarda ol ýumurtgajyklardaky temperaturanyň ýokarlanmagy esasynda, tohum öýjükleriniň zeperlenmegi bilen häsiýetlendirilýän warikosele keseliniň netijesinde ýüze çykýandyr.

Warikosele näme?

Warikosele-ýumurtgajygyň we tohum tanapjygynyň damarlarynyň warikoz giňelmegidir. Bu kesel ganyň yzyna gaýtmagyna päsgelçilik döretmeli damarlaryň gapajyklarynyň (klapan) işlemezligi ýa-da ýaramaz işlemegi netijesinde döreýär. Damarlarda basyş ýokarlananda (adam dik duranda ýa-da bedene fiziki agram salnanda) gan yzyna gaýdyp, ýuwaş-ýuwaşdan wena damarynyň giňelmegine eltýär. Netijede, tohum tanapjygynyň töweregindäki damarlar giňelýär.

Bu ýagdaýyň ýüze çykmagyna, anatomiki aýratynlyklar netijesinde çep böwrek wenasynyň aorta hem-de ýokarky mezenterial (çöz) arteriýasy tarapyndan gysylmagy hem sebäp bolup bilýändir. Şol sebäpden hem, çep taraplaýyn warikosele has ýygy duş gelip, iki taraplaýyn warikosele 20% ýagdaýlarda duş gelse, sag taraplaýyn warikosele duş gelýän ýagdaýlaryň diňe 2%-i düzýändir.

Warikosele agyr keselmi?

Warikosele adam janyna howp salmaýar. Bu kesel bilen ömür boýy ýaşap bolýar. Bu keseliň getirýän erkeklik önelgesizligi we agyrylaryň döremegi ýaly gaýraüzülmeleri esasy kynçylyklar bolup durýandyr.

Warikosele nädip önelgesizlige getirýär?

Suwuklygyň gysylmaýandygy mälim zat. Şol sebäpli hem, ganyň yzyna gaýtmagy netijesinde döreýän basyş ähli ugurlara ýaýraýar. Basyşyň netijesinde damarlar ulalyp, süýnýärler. Adamyň damarlarynyň diwarlarynyň berkligine we onuň damar basyşyna baglylykda, wenalaryň ulalmagy dürli derejelere ýetip bilýär. Ýumurtgajygyň töweregindäki damar tory ulalyp gidýär we köplenç ýumurtgajyk wena damarlaryndan ybarat özeniň (gubka) içine çümen ýaly bolýar. Şeýle gan "ýassyjagy" tohum haltajygyndaky ýylylyk çalşygynyň bozulmagyna getirýär. Netijede, ýumurtgajyk sowamagyny bes edýär. Şonuň netijesinde, spermatozoidleriň işlenip çykmagy üçin zerur bolan pes temperaturanyň saklanylmaýandygy sebäpli, erkeklik öýjükleriniň kadaly emele gelme hadysasy bozulýar. Hut şu sebäpli warikosele erkeklik önelgesizliginiň esasy faktorlarynyň biri bolup durýar.

Esasy mehanizme baglylykda, warikoselede önelgesizlik birnäçe sebäplere görä döräp biler:

1. Tohum haltajygyndaky temperaturanyň bedeniň temperaturasynyň derejesine ýetmegi.

2. Böwreklerden, böwreküsti mäzlerden biologiki işjeň maddalaryň ýumurtgajyklara düşmegi.

3. Ýumurtgajygyň gan aýlanşygynyň bozulmagy.

4. Ýumurtgajygyň dokumalarynda ýygnanýan we olary şikeslendirýän erkin radikallaryň täsiri.

Bu kesel ýygy duş gelýärmi?

Warikosele iň ýygy duş gelýän keselleriň biri bolup, ol erkekleriň 10-15 %-de duş gelýändir. Önelgesizlikden ejir çekýän erkek adamlaryň 40%-de warikosele keseli anyklanylsa, ozal çagasy bolup, häzir önelgesiz erkek adamlaryň 70%-de bu kesel kesgitlenýändir.

Warikosele keseliniň ýüze çykyşy.

Bu kesel köplenç, jynsy ýetişigi döwründe başlanýar. Ol hiç bir alamatsyz hem bolup bilýär. Şonda warikosele lukmançylyk barlaglarynyň netijesinde ýüze çykarylýar.

Warikosele käwagt ýumurtgajygyň töweregindäki agyrylaryň döremegi ýaly alamat bilen biynjalyk edip biler. Agyry güýçli däl-de, dartýan, çekýän häsiýetli bolýar. Agyry damar çyrmaşygynyň diwaryna gan basyşynyň täsir etmegi netijesinde döreýär. Adam dik duranda ýa-da özüne fiziki agram salanda, damar basyşy ýokarlanyp, agyry has güýjeýär.

Warikosele keseliniň anyklanylşy we bejergisi.

Ýumurtga haltajygyň wena damarlarynyň giňelmesini barlag wagtynda lukman kesgitläp bilýändir. Wena üýtgemeleriň irki tapgyrlarynda ýumurtga haltajygyň ultrases barlagy we dopplerografiýa barlagy, keseli kesgitlemekde lukmana kömege gelip biler. Barlagdan anyk maglumatlary almak üçin, olar näsagyň dik duran we ýatan ýagdaýynda hem geçirilmelidir.

Hirurgiki operasiýalaryň görkezilen görnüşini ulanma, keseliň netijeli bejergisi bolup durýandyr. Ýöne keseliň howpsuz bolup, alamatsyz geçýändigi sebäpli, onuň uly erkek adamlarda kesgitlenmeginiň hem operatiw bejergi üçin görkezme bolup durmaýandygyny bellemelidir. Ýumurtgajyklarda agyrylaryň döremegi, ýumurtga haltajygyň daşky görnüşiniň üýtgemegi, erkeklik öýjükleriniň hil we mukdar taýdan pesligi netijesinde önelgesizligiň emele gelmegi, operatiw bejergini geçirmek üçin görkezme bolup durýandyr. Oňa garamazdan, köp hünärmenleriň pikirine görä, ýüze çykyp biljek önelgesizligiň öňüni almak üçin, çagalarda we ýetginjeklerde döreýän warikosele keselinde hirurgiki bejergini ulanma wajyp bolup durýandyr.

Häzirki amaly lukmançylykda operatiw bejerginiň 4 esasy usulyny ulanýarlar:

Operasiýanyň açyk usuly (Iwanissewiç boýunça).

Bu usulyň kömegi bilen ýumutgajyklaryň wenalary gasyk kanalynyň içki halkajygynyň derejesinden ýokarda daňylýandyr. Deri we derasty ýag gatlagy kesilenden soň, siňir we myşsa gatlaklary süýşürilip, ýumurtgajyklaryň wenalary tapylyp, daňylýandyr.

Kiçi kesikden geçirilýän Marmaryň operasiýasy.

Operasiýa ujydyň düýbünden 1 sm. aralyga süýşüp, daşky gasyk halkajygynyň proýeksiýasynda edilýän kesik arkaly geçirilýär. Deri we derasty ýag gatlagy kesilenden soň, tohum tanapjygy tapylyp, onuň wenalary daňylýandyr. Ondan soň, ýumurtgajyklardan gaýdýan gan üstleýin ýerleşýän wenalar arkaly çykarylýandyr.

Laproskopiki operasiýa.

Hirurgiýada geçirilýän täze usul bolup, ony geçirmek üçin garnyň öňki diwarynda 3 sany, diametri 5 mm. bolan deşijekler edilýändir. Birinji deşijekden hirurg wideomonitor bilen birleşdirilen kiçijik telekamerany salýar. Monitoryň kömegi bilen hirurg operasion meýdançada nämeleriň bolup geçýändigini görmäge mümkinçilik alýar. Iki sany beýleki deşijekden kiçijik gysyçlar we gaýçylar salynýar. Operasion meýdançanyň ulaldylyp görkezilýändigi sebäpli, hirurg wenany aňsatlyk bilen tapyp, ony hirurgiki sapaklar bilen ýa-da ýörite titan simlerini goýup daňýandyr. Operasiýa 20-30 min. dowam edýär.

Ýumurtgajygy öňki gan aýlanşygyndan mahrum edýän mikrohirurgiki operasiýa.

Operasiýa ýumurtgajygyň kadaly gan aýlanşygyny dikeltmäge kömek edýär. Bu ýagdaý ýumurtgajygyň wenasynyň garyn üsti wenasyna oturdylmagy arkaly gazanylyp, wena ganynyň kadaly çykarylmagyna şert döredýändir.

Operasiýadan soňky dikeldiş döwri 1 aýa golaý dowam edip, şol möhletiň içinde näsag özüne fiziki agram salmakdan, sport bilen meşgullanmakdan saklanmalydyr. Şeýle-de şonça wagt duzly, ýiti, ajy iýmiti kabul etmekden we jynsy gatnaşyklardan wagtlaýyn saklanma maslahat berilýär.

  • 10738 gezek okalan