Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

JYNS AGZADAN BÖLÜNIP ÇYKMALAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.50 (10 Ses)

Hormatly okyjy!

Erkek adamda peşew etmeden soň we täret edilende çygynma netijesinde, nem görnüşli bölünip çykmalaryň bolmagy adaty, kadaly ýagdaý hasaplanýar. Peşew çykaryş ýollaryndan ak, nem görnüşli bölünip çykmalaryň kadaly ýüze çykmagy, peşew çykaryş ýollaryň, erkeklik jyns mäziniň alawlama ýagdaýlary hem-de hlamidioz, mikoplazmoz ýokançlyklary üçin mahsus alamatdyr. Şeýle-de, ak bölünip çykmalar kömelekli ýokançlykda hem syn edilýändir.

Bölünip çykmalaryň anyk sebäbini kesgitlemek üçin urolog lukmanyna ýüz tutup, peşew çykaryş ýollaryndan çykýan nemiň bakteriologiki barlagyny geçirmek gerekdir.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 5193 gezek okalan