Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ERKEKLIK JYNS MÄZINIŇ NÄSAZLYKLARY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.72 (18 Ses)

Hormatly okyjy!

Peşewiň haýal bölünip çykmagy erkeklik jyns mäziniň adenomasy (howply däl döreme) hem-de bu mäzde ýüze çykýan sowuklama hadysalaryna (prostatit) mahsus alamat bolup, şeýle ýagdaýlarda ýygy-ýygydan, esasan hem gije buşukma, gasyklarda, ýamyzda döreýän agyrylar, jynsy gatnaşykdan soň döreýän sanjylar ýaly alamatlar hem ýüze çykyp bilýändir. Sizi biynjalyk edýän alamatyň sebäbini anyklamak maksady bilen urolog lukmanyna ýüz tutup, degişli barlaglary (göni içegeden barlama, ýokançlyklara barlag, mäziň USB-gy) geçmek zerurlygy ýüze çykýar. Erkeklik jyns mäziniň adenomasynyň irki tapgyrlary derman serişdeleri bilen bejergini, ötüşen ýagdaýda hirurgiki bejergini talap edýän bolsa, bu mäziň sowuklamasy ýokançlyklara garşy dermanlaryň ulanylmagy üçin görkezme bolup durýandyr. Lukmana özwagtynda ýüz tutulmagynyň bolup biljek gaýraüzülmeleriň öňüni alyp biljekdigini ýatladasym gelýär.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 5885 gezek okalan