Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GONOWAKSINA BARADA MAGLUMAT

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (3 Ses)

Hormatly okyjy!

Gonowaksina – sözenek keseli dörediji gonokokk ýokançlyklarynyň gowşadylan görnüşinden taýynlanan serişdedir. Lukmançylykda sözenek keseliniň, erkek we aýal jyns agzalarynyň alawlama keselleriniň bejergisinde ulanylyp, bedeniň immun ulgamyny taplandyryjy serişde bolup hyzmat edýändir.

Bejergi serişdäniň 0,3-0,4ml. mukdaryndan başlanylyp, ol her gün keseliň geçiş aýratynlyklaryna baglylykda, 0,1-0,2 ml. çenli köpeldilip bilner. Dermanyň täsiri bilen gyzgynyň galmagy, üşütme, bedende döreýän agyrylar, sikeslenen agzalarda döreýän agyrylar, limfa düwünleriň ulalmagy ýaly alamatlar döräp bilýändir.

Ýürek-damar, peşew çykaryş ulgamynyň agyr kesellerinden, inçekeselden, howply täze döremelerden ejir çekýän näsaglara bu dermany ulanma bolýan däldir.

Ýüze çykyp biljek ýaramaz täsirleriň öňüni alyp, bejerginiň netijeli bolmagy üçin gonowaksina lukmanyň gözegçiligi bilen kabul edilmelidir.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 3866 gezek okalan